Oba hojalygynyň netijeliligi ugrunda

16 Iýul 2021
638

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy.

Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibine geçip, welaýatlaryň häkimlerine söz berdi. Häkimler sebitlerde gowaça ideg etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.