HABARLAR

Telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we dünýä giňişliginde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Türkmenistan — Ýaponiýa: strategik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoly bilen Türkmen wekiliýeti Tokioda möhüm duşuşyklary geçirdi hem-de Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen geçirilen duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda--ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň şu günki ýagdaýyna we geljegine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri degişli sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Ilçi kabul edildi

27-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda möhüm ugurlar

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň etraplarynyň ýerleşişini görkezýän karta boýunça gowaça, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary barada maglumat berip, hasabatynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny, gowaça agrotehniki kada laýyk ideg etmek, bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça, şeýle hem gök ekerançylykda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işleri beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň etraplarynyň ýerleşişini görkezýän karta boýunça gowaça, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary barada maglumat berdi.

Döwlet berkararlygy — ýurt bagtyýarlygy

23-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hasabatlary degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrine söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi. Köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Köneürgenç» we «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessa

Döwlet durmuşyna degişli wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirip, onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatyny diňledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny we dünýä giňişliginde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi.

Ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine

23-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler.