Beýik özgertmeleriň ýoly bilen

26 Iýul 2021
634

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ilki bilen, Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty esasynda daşary ýurtlar, şeýle hem esasy halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly mesele barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalary, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar.

«Aşgabat».