Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

28 Iýul 2021
691

26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri degişli sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.