Hoşniýetli gatnaşyklar barha pugtalanýar

26 Iýul 2021
774

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherine iberilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň amala aşyran saparynyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Ýapon-türkmen dostlugy parlament ligasynyň wekilleri bilen duşuşdy.