Ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine

26 Iýul 2021
614

23-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler.