Telefon arkaly söhbetdeşlik

26 Iýul 2021
705

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli wezipesinde özbek halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özbek Liderini we Özbegistanyň halkyny geçen mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady.