Ýurdumyzyň oba hojalygynda möhüm ugurlar

27 Iýul 2021
751

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň etraplarynyň ýerleşişini görkezýän karta boýunça gowaça, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinleriniň meýdanlary barada maglumat berip, hasabatynda häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny, gowaça agrotehniki kada laýyk ideg etmek, bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça, şeýle hem gök ekerançylykda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işleri beýan etdi.

«Mugallymlar gazeti».