Döwlet durmuşyna degişli wezipeler

26 Iýul 2021
633

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirip, onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatyny diňledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

«Watan».