Gatnaşyklar rowaçlanýar

26 Iýul 2021
639

Halkymyzyň abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek boýunça çäreler yzygiderli guralýar.

Milli Liderimiz bu ugurda watandaşlarymyza, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesillere şahsy görelde görkezýär. Diýarymyzda döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türkmen türgenleri halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyz sebit we dünýä derejeli sport ýaryşlarynyň, abraýly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi.

«Aşgabat».