HABARLAR

Atyzlar göwnüňi göterýär

Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer pagtaçy kärendeçileri gowaçaly atyzlary turuwbaşdan uly alada bilen gurşaýarlar. Gowaçaly atyzlara ilkinji hatarara bejergilerini geçirip, ilkinji ösüş suwlaryny berip, her bir möhüm agrotehniki çäräni öz wagtynda, ýokary hilli geçirmek häzirki günler daýhanyň esasy aladasydyr. Barha görklenýän gowaçaly atyzlaryň ertirki gün bol-bereketli hasyl eçilmegi üçin göwnejaý idegiň gerekdigine oňat düşünýän hojalygyň kärendeçileri ideg işini barha güýçlendirýärler. Bu işde daýhan birleşiginiň Parahat Durdyýew, Tirkiş Allamyradow, Kerwen Mämmäýew dagy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 2-nji, 9-njy, 19-njy pagtaçylyk toparlarynyň zähmetsöýer kärendeçileri has-da tapawutlanýarlar. Bu öňdebaryjy toparlaryň kärendeçileri häzir degişlilikde 145, 187, 77 gektar meýdanlara ideg edýärler. — Pagtaçylyk bilen meşgullanýan her bir adamyň, hünärmeniň tijenmeli wagty geldi. Indi yhlasyň, zähmetiň bolsa görkezibermeli. «Herekete — bereket» diýleni. Ýerden bereketli hasyl almak üçin her bir möhüm agrotehniki çäräniň öz wagtynda ýokary hilli geçirilmegini gazanmaly. Şol çäreleriň geçirilmeginiň hilini gözegçilikde saklap, kärendeçi daýhanlara her bir işde ýakyndan ýardam berip durýarys — diýip, daýhan bi

Künji

Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine görä, künji ekinini ähli etraplarda ekip, hasyl almaga mümkinçilik bar. Ata-babalarymyz künjini aýratyn ýa-da bakja ekinleri bilen garyşdyryp ekipdirler. Kökleri kuwwatly bolansoň, topragyň çuň gatlaklaryna aralaşýar. Künjiniň dänesinde 50 — 65%-e çenli tagamly we ysy ýakymly ýokary hilli, süýjümtik, açyk sary reňkli suwuk ýagy bardyr, ol özüniň tagamy boýunça zeýtun ýagyny ýatladýar. Künji ýagy mikroelementlere we dürli görnüşli ýag kislotalaryna baýdyr.Künji ýagy tagamy we hili boýunça günebakar, gowaça ýagyndan has ýokarydyr. Künji ýagynyň düzümindäki sezamol (oksigidrohinonyň metil efiri) ýagyň zaýalanman 9 ýyla çenli saklanmagyna ýardam berýär. Künji ýagy suwuk usulda alnanda köke, süýji önümlerini öndürmekde giňden ulanylýar. Eger-de onuň ýagy gyzgyn usulda gysylyp alynsa, ol ýag tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Ýag alnandan soň, galan künjarasynyň 100 kilogramynda 32 iýmit birligi bolup, (bir ot-iým birligi bir kilogram arpanyň ýokumyna deňdir) mallar üçin örän ýokumlydyr.

Lawr ýapragy

Lawr ýapragy iýmitdir bejergi maksatlarynda ulanylýan hoşboý ysly otlaryň iň gadymylarynyň biridir. Dürli maddalara baý bolan lawr ýapragynyň adam bedenine peýdasy uludyr. Ondaky antioksidantlar we sowuklama garşy göreşiji maddalar dürli keselleri bejermekde we öňüni almakda diýseň täsirlidir. Derä ýeten zeperleri tiz gutuldyryjy häsiýeti sebäpli, bu ot kosmetiki maksatlarda-da giňden ulanylýar. Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglary lawr ýapragynyň, şeýle-de almanyň, dalçynyň, gwozdikanyň ganyň düzümindäki insuliniň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Sebäbi bu ösümlikleriň düzüminde hrom köpdür. Insuliniň işjeňliginiň artmagynyň täsiri netijesinde-de ganyň düzümindäki süýjiniň derejesi pese gaçýar.

Ýüpekçileriň batly gadamlary

AK PILÄNIŇ BOL HASYLY UGRUNDA Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen pajarlap ösýän dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan ak piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak wezipesini amala aşyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şundan ugur alnyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzda göz öňünde tutulan 500 tonna pile taýýarlamak ugrundaky asylly işe özleriniň mynasyp goşandyny goşmagy maksat edinýän S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň edermen ýüpekçileri şu günler ýüpek gurçuklaryny idetmekde arman-ýadaman zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde kärine ökde ýüpekçileriň 125-si bolup, olaryň möwsüm başlamazdan öň gurçuk saklanyljak jaýlarda arassaçylyk işlerini geçirip, otaglaryň kadaly ýylylykda saklanylmagyny gazanmaklary olara gurçuk tohumlaryny idetmek üçin her bir işi talabalaýyk alyp barmaga mümkinçilik döretdi.

Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy

Garaşsyz döwletimiziň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, welaýatymyzyň maldarlary öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi maksat edinip, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Olaryň hatarynda welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlarynyň durmuşa geçirýän çäreleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada şu birleşigiň baş hünärmeni Annageldi Ýazberdiýew şeýle gürrüň berdi: — Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda mallaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak boýunça maldarlara berýän kömek-goldawlary olary has-da gaýratly zähmet çekmäge, oňat netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigini birleşigimiziň hasabyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlarynyň, düýedarlarynyň Garagum çölüniň jümmüşinde mallary idetmekde alyp barýan işleriniň mysalynda-da görmek mümkin. Olaryň maldarçylykda şu ýylyň esasy möwsümleriniň biri bolan dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak babatda gazanan üstünlikleri aýdanymyzy doly tassyklaýar.

Gyzgalaňly möwsüm

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýüpekçi kärendeçiler bir aý gowrak wagt dowam edýän gurçugyny idetmek möwsümini tamamladylar. Olar gysga wagt dowam edýän, emma hysyrdysy ýetik bolan möwsüme öňünden doly taýýarlykly gelip, bu günki gün ýetişdiren pile hasyllaryna guwanýarlar. Şu günler Baýramaly etrap pile kabul ediş we guradyş sehi köp adamly. Bu ýerde ýüpekçi kärendeçileriň yhlas bilen ýetişdiren pile hasyllaryny kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň daýhan birleşikleriniň ýüpekçileriniň tabşyrýan pile hasyllaryny synlanyňda, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bellenilen meýilnamany ýerine ýetirjekdiklerine ynamyň artýar.

Öňdeligi eýelediler

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda beýleki oba hojalyk işgärleri ýaly ýüpekçi kärendeçiler hem ýüpek gurçugyny idetmek möwsümini üstünlige besläp, bol pile hasylyny döwlete tabşyrýarlar. Welaýatymyzyň ýüpekçileri gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekdiler. Şu günler «Welaýat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky pile kabul ediş we guradyş bölümlerinde ýüpekçileriň ýetişdiren pile hasyllaryny kabul etmek möwsümi gyzgalaňly dowam etdirilýär. — Etrabymyzdaky S. A. Nyýazow adyndaky ylmy önümçilik synag hojalygy ýurdumyz boýunça ilkinjileriň hatarynda bellenilen meýilnamalaryny berjaý edip, döwlete bol pile hasylyny tabşyrmagy başardylar. Olar üstümizdäki ýylda ýüpek gurçugyny talabalaýyk idedip, 479 kilogram pile hasylyny taýýarladylar. Ylmy önümçilik synag hojalygy ýene-de 100 kilogram pile taýýarlamagy meýilleşdirýär. «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýlişi ýaly, tejribeli ýüpekçilere etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylýar — diýip, TMÝG-niň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Serdar Muhyýew gürrüň berdi.

Päk zähmetiň höziri

Türkmengala etrabynyň Kemine adyndaky daýhan birleşiginde tejribeli ýüpekçileriň ençemesi bar. Olar bereketli pile hasylyny öndürmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Hojalygyň işine ussat ýüpekçisi Söhbet Gurbangeldiýew hem indi birnäçe ýyl bäri gurçuk tutmak bilen meşgullanýar. Her ýyl hem pile tabşyrmaly möwsümde bereketli önüm almagy başarýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 100 gram gurçuk tohumyny alyp, idegini ýetirdi. Ol gurçuk saklaýan jaýynyň arassalygyna, ýylylygyna, esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassalygyna aýratyn üns berdi. Oňa bu işde maşgala agzalary ýakyndan goldaw berýärler. S. Gurbangeldiýewiň çekýän zähmeti özüniň oňyn netijesini berýär. Ol gurçuk idetmekden daşary kärendesine ýer alyp, bugdaýdyr pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi başarýar. Işjanly Söhbet şu günler 1 gektar ýerde iki gulak bolup çykyp hatar tutup oturan gowaçalary otamak, hatar aralaryny ýumşatmak işini geçirýär. Şeýle hem 0,80 gektar ýerde ak ekiniň idegini ýetirýär. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda zähmet ýeňişlerini gazanmak ugrunda aladalanýar. Söhbediň gadamlary batly, ümzügi öňe.

Ýertudana

Ýertudanasy bägüller maşgalasyna degişli bolan köpýyllyk ösümlik bolup onuň ilkinji medeniýetleşdirilen görnüşleri XV asyrda peýda bolupdyr. Soňlugy bilen, XVIII asyryň başlarynda iri miweli görnüşleri ýaýrapdyr. Häzirki döwürde dünýäde ýertudanasynyň 30-dan gowrak görnüşi bar. Ýertudananyň düzüminde köp sanly biologik işjeň maddalar, dürli ýokumlar bar. Ony aprel-sentýabr, şeýle-de, oktýabr aýlarynda ekmek bolýar. Bu iýmiş maý we iýun aýlarynda gowy ýetişýär. Ýertudana iň çalt miwä durup başlaýan ösümlikleriň biridir. Ol ekilenden bir ýyl hem geçmänkä hasyla durup başlaýar. siňdirilen zähmetiň miwesini şeýle tiz wagtda görmek daýhançylyk bilen täze meşgullanyp başlanlar üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Mundan başga-da, ýertudanasyny ýetişdirmek beýleki miweli ösümliklere garanyňda az zähmeti talap edýär. Adatça, ýertudana ekilen meýdan 4 ýyl saklanylýar. Ekin dolanyşygy üçin ol ekin meýdanda nohut, ysmanak, sogan, sarymsak, şugundyr ýaly ekinler ekilýär.

Şugundyr — milli ekin

«Maryşeker» döwlet kärhanasy gurlandan soňra, ýurdumyzda köpçülikleýin ekilýän gant şugundyry döwlet tabşyrygyna girýän ekinleriň hataryna geçdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» gant şugundyryny ýetişdirmegi 2025-nji ýylda 224 müň tonna çenli artdyrmak maksat edinilýär. Şundan görnüşi ýaly, bu ekin ýurdumyzda indi möhüm ähmiýetli köpçülikleýin ekilýän ekinleriň birine öwrüldi. Gant şugundyry biziň ýurdumyzda örän irki döwürlerden bäri ekilmek bilen ata-babalarymyz öz döwründe ýönekeý usullar bilen ondan birnäçe önüm öndürmegi başarypdyrlar. Şeker, gant ýaly azyklyk önümleri öndürmekde esasy çig mal bolan gant şugundyrynyň soňabaka melhemlik häsiýetleri-de öwrenilip, ol birnäçe derdi bejermek üçin lukmançylykda hem ulanylyp başlanýar. Hatda onuň ýapraklary-da ýapgy hökmünde bedendäki käbir yzlary aýyrmakda ulanylypdyr. Daýhanlar gant şugundyrynyň topragy gurplandyrýandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin olar köplenç, bugdaýyň yzyna gant şugundyryny ekip, soňra geljek ýazda ekiljek gowaçanyň hasyllylygynyň ep-esli artýandygyny belleýärler. Netijede bugdaý — gant şugundyry — gowaça ekin dolanyşygy köp ulanylýan usul bolup durýar. Iň guwandyryjy ýeri-de b