HABARLAR

Guşgursak däneleriň tyllaýy öwüşgini

Sanlyja gün mundan ozal hem ýaşyl öwsüp, tolkun atan bugdaýly meýdanlar bu gün eýýäm tyllaýy görnüşe geçdi. Bu «uly iliň soltany» hasaplanýan bugdaýyň bişendiginiň alamaty. Saçaklarymyza mele-myssyk çörek bolup gelýän bugdaýyň bu ýylky ýagdaýy has-da göwün göteriji. Dok sünbüller başyny yrap, özüni güjeňleýän ýaly, sähelçe şemala-da ygşyldaşyp otyrlar. Bu ýagdaýdan lezzet alýan daýhanyň bolsa öz hasaby bar. Ol şu ýyl her gektardan 40 — 45 sentner hasyla garaşýar. Lebap welaýatynyň daýhanlary-da geçen güýzde 130 müň gektara bugdaýyň iň gowy sortlaryny ekmek bilen, şu ýyl ondan 310 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Elbetde, bu ýeňil-ýelpaý iş däl. Munuň üçin galla oragyny gysga wagtda, guramaçylykly geçirmek gerek. Orak möwsüminde elden giden her bir pursat eýýäm möwsümi yza çekdirýär we dänäniň ýitgisine alyp barýar. Şonuň üçin şu ýyl daýhanyň esasy daýanjy bolan tehnikalaryň galla oragyna taýýarlanyşyna aýratyn üns berildi. Däne orýan «CLAAS», «John Deere», «Case» kysymly kombaýnlar irki möhletlerde galla oragyna doly taýýar edildi. Olar üçin zerur bolan ýangyç we çalgy ýaglarynyň hem-de ätiýaçlyk şaýlarynyň-da ýeterlik möçberi etraplardaky oba hojalygyna tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna ugradyldy. Mehanizatorla

Gyzgalaňly möwsümiň bosagasynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, welaýatymyzyň Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň täze traktorlar, gurallar we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligi barha gowulanýar. Bu bolsa ýylyň dowamynda ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin çäreleriň çalt hem-de ýokary hilli geçirilmegine şert döredýär. Şeýle möwsümleýin işleriň hatarynda kärendeçi daýhanlaryň uzak wagtyň dowamynda yhlas siňdirip ýetişdiren galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem esasy orny eýeleýär. Şoňa görä-de, bu gyzgalaňly döwre diňe bir gallaçy kärendeçiler däl, eýsem, olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän edara-kärhanalaryň işgärleri-de ykjam taýýarlyk görýärler. Olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň günsaýyn golaýlaýan bugdaý oragy möwsümine hem şeýle taýýarlyk bilen geldiler. Muňa Gubadag etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleriniň, kombaýnçylarynyň häzirki wagta çenli ýerine ýetiren işleri-de mysal bolup biler.

Ýeralma ýetişip gelýär

Biz çagakak, gaýnadylan ýeralma degişme bilen «Wanýa daýynyň nahary» diýerdiler. Bu degişme gözbaşyny «Aýgytly ädim» filminden alýan bolarly. Umuman, şol ýyllarda ýeralma mellek ýerlerinde ekilýän hem bolsa, köpräk Russiýadan getirilýärdi. Indi bolsa türkmen topragynda biten ýeralmalar tagamlarymyza tagam goşýar. Bu zerur azyklyk önümini özümizde öndürmek hormatly Prezidentimiziň oba hojalykçylardan bildirýän esasy talaplarynyň biridir. Türkmen daýhanlary muňa jogap edip, ene toprakdan ýylyň-ýylyna ýeralmanyň bol hasylyny ýygnaýarlar. Bu işe Çärjew etrabynyň daýhanlary hem mynasyp goşant goşýarlar.

Ha­ta­ra­ra be­jer­gi­le­riň peý­da­sy

Hä­zir­ki wagt­da go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ha­ta­ra­ra be­jer­gi­si, go­wa­ça­ny ýe­ke­le­mek we mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len iý­mit­len­dir­mek iş­le­ri gyz­ga­laň­ly al­nyp ba­ryl­ýar. De­giş­li iş­le­ri ne­ti­je­li ge­çir­mek üçin et­rap­la­ryň we daý­han bir­le­şik­le­ri­niň teh­ni­ki hyz­mat ediş kär­ha­na­la­ry­nyň mad­dy-teh­ni­ki se­riş­de­le­ri he­re­ke­te gi­ri­zil­di. Ýer­den iki gu­lak bo­lup gö­ge­rip çy­kan ýa­şa­jyk go­wa­ça­la­ra ideg et­mek in­di­den beý­läk daý­han­la­ryň esa­sy ala­da­la­ry­na öw­rül­ýär. Meý­dan­la­ra gel­şik be­rip ösüp otu­ran go­wa­ça­la­ryň ha­tarara be­jer­gi­le­ri­niň peý­da­sy örän ulu­dyr. Şeý­le ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi bol ha­sy­lyň gi­re­wi bo­lup dur­ýar. Ha­ta­ra­ra be­jer­gi iş­le­ri ge­çi­ri­len­de, kul­ti­wa­tor­la­ryň dür­li ky­sym­la­ry ula­nyl­ýar. Go­wa­ça­nyň ösüş döw­rün­de 5-6, hat­da 6-7, mek­ge­jö­wen­de 2-3, po­mi­do­ryň baş­ky ösüş döw­rün­de gol ýaý­rat­man­ka 3-4 ge­zek be­jer­gi ge­çi­ril­ýär. Ekin­ler gö­ge­rip çy­kan­dan soň ha­ta­ra­ra be­j

Halkymyzyň rysgal-berekedi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumy döwrebap ösüşlerdir özgertmeleri başdan geçirýär. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň mukdarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlanmagy hem bu toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bu gün daýhanlaryň ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, ýer eýelerine tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi özüniň oňyn miwesini berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzda ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasylyny öndürmäge şert döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek ýylynyň taryhy wakalaryndan ruhlanan daýhanlarymyz bu gün möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak bilen, öňde duran galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görýärler. Bilşimiz ýaly, galla gymmatly azyklyk ekindir. Eziz Diýarymyzda bu ekiniň ýetişdirilişine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen oba hojalyk ýy

Gowaçanyň täze «AŞGABAT — 140» sorty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary hem täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryp, gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze sortlary döretmek we olaryň tohumçylygy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Biziň ýurdumyzda häzirki döwürde dürli toprak-howa şertlerinde ir ýetişýän we ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili I — V görnüşe degişli gowaça sortlarynyň seçgiçiligi boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde seçgiçi alymlar tarapyndan çugdam boýly, ir ýetişýän, ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kesellere we zyýankeşlere durnukly sortlar döredilip, önümçilige ornaşdyrylýar.

Pileçiniň yhlasy

Ýüpek gurçugy örän ynjyk jandar. Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi bir aý gowrak wagt dowam edýän hem bolsa erjelliligi, çalasynlygy, ussatlygy talap edýär. Muňa oňat düşünýän Maral gelneje her ýyl gurçuk tutmak möwsümine taýýarlykly gelip, pile tabşyrmak möwsüminde göwün diýen netijesini gazanmagy başarýar. Hawa, Ýolöten etrabynyň «Rahat» daýhan birleşiginiň ýüpekçisi Maral Ýazgulyýewa üstümizdäki ýylda 18 gram gurçuk tohumyny alyp, onuň idegini ýetirdi. Ol „«Ak zat alnyňa ýagşy» diýlenine eýerip, ýetişdiren akja pile hasylyna guwanýar. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, tejribeli ýüpekçi çekýän zähmetiniň rehnetini görýär.

Oba hojalygy: ýüpekçilik

Ýüpekçiler höweslendirildi Ýüpek gurçugyny idetmegiň esasynda dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan ýüpek öndürilýär. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň beýleki ýüpekçileri bilen birlikde Wekilbazar etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri hem gymmatly çig mal bolan piläniň bol hasylyny öndürmek ugrunda tutanýerli zähmet çekdiler.

Möwsümleýin işler

ŞALY EKIŞI ÝOKARY DEPGINDESaparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen, ýylyň-ýylyna ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Munuň özi olaryň bu ugurda gaýratly zähmet çekip, her bir derwaýys çäräni öz wagtynda hem-de ýokary hilli berjaý etmekleriniň netijesidir. Daýhan birleşiginiň ezber şalyçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da bu babatda öz öňlerinde belent maksatlary goýmak bilen, şu günler bu gymmatly ekiniň ekişini ýokary depginde alyp barýarlar. Şeýlelikde, olar şu möwsümde tohum taşlanylmagy göz öňünde tutulýan meýdanyň 400 gektara golaýynda bu işiň hötdesinden geldiler. Özlerine berkidilen meýdanlarda şaly ekişini geçirmekde daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň onlarçasynyň has-da öňe saýlanmak bilen, köplere görelde bolýandyklaryny bellemek gerek. Olardan Maksat Rejepowyň, Meretgeldi Öräýewiň, Ödek Ödekowyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerlikli bolar.

Ýüpekçilikde aýgytlaýjy pursat

Gökdepe etrabynyň ýüpekçileri şu günler dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan, ýüpek önümçiliginiň esasyny düzýän, ýokary hilli pileleri döwlet harmanyna tabşyrmak üçin öndürijilikli zähmet çekýärler. Etrap boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 26 tonna pile tabşyrmak maksat edinilýär. Etrapda ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Gökdepeli ýüpekçiler bu jogapkärli möwsüme taýýarlykly girişdiler. Olar ýüpek gurçugynyň tohumynyň gerekli mukdary bilen üpjün edildi. Etrabyň degişli hünärmenleri gurçuk idediljek jaýlary gözden geçirdiler we arassaçylyk işleriniň berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde sakladylar.