Gowaçanyň täze «AŞGABAT — 140» sorty

23 Maý 2021
1022

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlary hem täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyryp, gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze sortlary döretmek we olaryň tohumçylygy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Biziň ýurdumyzda häzirki döwürde dürli toprak-howa şertlerinde ir ýetişýän we ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili I — V görnüşe degişli gowaça sortlarynyň seçgiçiligi boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde seçgiçi alymlar tarapyndan çugdam boýly, ir ýetişýän, ýokary hasyl berýän, süýüminiň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýän, kesellere we zyýankeşlere durnukly sortlar döredilip, önümçilige ornaşdyrylýar.

Gurban NOWRUZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.