Arzyly pellehana

16 Maý 2021
1674

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda owlakguzy almak möwsümini hemmetaraplaýyn taýýarlykly garşylan Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylyk bilen geçirdiler.

Şu möwsümde bar bolan 380 müň 526 baş ene goýundan 350 müň 533 sany guzy almagy öz öňlerinde baş maksat edip goýan maldarlaryň gazanan netijeleri köpleri guwandyrýar. Çünki häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklaryň birnäçesinde sagdyn guzularyň müňlerçesi alnyp, möwsüm ahyrlady.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.