Halkymyzyň rysgal-berekedi

24 Maý 2021
1128

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumy döwrebap ösüşlerdir özgertmeleri başdan geçirýär. Oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň mukdarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlanmagy hem bu toplumda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bu gün daýhanlaryň ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalarydyr gurallary bilen yzygiderli üpjün edilmegi, ýer eýelerine tehniki hyzmatlaryň, mineral dökünleriň, ýokary hilli tohumlaryň we zyýankeşlere garşy ulanylýan himiki serişdeleriň ýeňillikli bahalardan berilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi özüniň oňyn miwesini berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzda ak bugdaýyň, «ak altynyň», gök-bakja önümleriniň, dürli miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasylyny öndürmäge şert döredýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan toý ediljek ýylynyň taryhy wakalaryndan ruhlanan daýhanlarymyz bu gün möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak bilen, öňde duran galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görýärler. Bilşimiz ýaly, galla gymmatly azyklyk ekindir. Eziz Diýarymyzda bu ekiniň ýetişdirilişine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen oba hojalyk ýylynda ýurdumyzyň ak ekin ussatlary sahawatly topragymyzdan 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaýy ýygnap, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde, olar içerki bazaryň isleglerini özümizde öndürilýän çörek we çörek önümleri bilen kanagatlandyrmak babatdaky tagallalara saldamly goşant goşdular.

Nurmuhammet AŞYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.