Köpugurly süýüm

16 Maý 2021
1101

Ýurdumyzyň gözel künjeklerini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, ilat tarapyndan ulanylyp we zir-zibil bolup galýan plastik gaplar gaýtadan işlenilip, täze bir önümiň tehnologiýasy düzüldi. Bu tehnologiýanyň maksady zyňyndy plastik gaplary çig mal hökmünde ulanyp, ilata ýaramly harydy, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän egin-eşik dokma senagatyna ýa-da degişli kärhanalara gerekli çig mal bolan emeli süýümi (sintepon) hödürleýär. Izolýasiýa (daşyny örtme) üçin ulanylýan iň meşhur serişdeleriň biri hem emeli süýümdir. Onuň egin-eşik öndürmekde we gündelik durmuşda ulanylýandygyny köpler bilýär. Inçe poliester köplenç pagta ýa-da ýüň goşulan ýüplükleriň birnäçe gatlagynda durýar. Her aýratyn gatlakda süýümler bir tarapa gönükdirilendir we bir-birine baglydyr. Haçan-da termiki taýdan baglanyşdyrylanda, süýümler ýokary temperaturanyň täsiri astynda birleşip, sowukdan gowy goraýan we ýuwlanda deformasiýa etmeýän, ýagny, görnüşi üýtgemeýän dykyz matany emele getirýär.

Bu süýüm adaty süýümlere garanda, ýeňil agramly hem-de ýuwlandan soňra çalt dikelýändigi bilen tapawutlanýar. Çyglylygy siňdirmeýär we saklamaýar. Taýýarlanylan süýüm käbir ýüňlerden tapawutlylykda, allergiýa täsirini döretmeýär. Doly işlenilip alynmagy göz öňünde tutulýan süýümiň ählitaraplaýyn amatly bolmagyna garaşylýar.

Gülnar ÖWEZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.