Ýaýlada täze ýer eýeleri

16 Maý 2021
1233

Kerki etrabynyň günorta-günbatar künjegindäki Garagum sährasynda ýerleşýän Hydyr çopan ýaýlasynda täze ýer eýeleri peýda boldy. 2018-nji ýylda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, 99 ýyllyk möhlet bilen ýer alýan daýhanlaryň sany barha köpelýär. Etrabyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşigine degişli bolan Hydyr çopan ýaýlasynda hem jemi 913 gektar ýer 99 ýyllyk möhlet bilen 13 adama berkidildi.

Bu täze ýaýladan ýer alan daýhanlar eýýäm alan ýerleriniň 60-70 göterimine gowaça ekip, ondan ýokary gögeriş almagy gazandylar. Galan ýerlerine bolsa gök-bakja, şaly, dary, ýer hozy ýaly ekinleri ekmek işlerini alyp barýarlar. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasy bolsa, olaryň adyna ýörite hasaplary açmak bilen, karz pul serişdelerini goýberip başlady. Ýörite baglaşylan şertnama esasynda döwletden alynýan karzlaryň hasabyna daýhanlar dökünleri, oba hojalyk enjamlaryny, tehnikalaryny satyn alyp başladylar. Şeýlelikde, ýer bilen bagry badaşan daýhanlar eýýäm şu ýylyň aýagyna çenli ýerden alýan girdejileriniň hasabyna döwlet bilen doly üzlüşmegi maksat edinýärler.

Kamil KAMALOW,
TKA-nyň Kerki etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.