Ýüpekçilikde aýgytlaýjy pursat

20 Maý 2021
1153

Gökdepe etrabynyň ýüpekçileri şu günler dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan, ýüpek önümçiliginiň esasyny düzýän, ýokary hilli pileleri döwlet harmanyna tabşyrmak üçin öndürijilikli zähmet çekýärler. Etrap boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 26 tonna pile tabşyrmak maksat edinilýär.

Etrapda ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işler maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Gökdepeli ýüpekçiler bu jogapkärli möwsüme taýýarlykly girişdiler. Olar ýüpek gurçugynyň tohumynyň gerekli mukdary bilen üpjün edildi. Etrabyň degişli hünärmenleri gurçuk idediljek jaýlary gözden geçirdiler we arassaçylyk işleriniň berjaý edilmegini yzygiderli gözegçilikde sakladylar.

Rahmanberdi MÖWLAMBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy. SURATDA: etrabyň ýüpekçileriniň alyp barýan işlerinden pursat. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.