Biz çagakak, gaýnadylan ýeralma degişme bilen «Wanýa daýynyň nahary» diýerdiler. Bu degişme gözbaşyny «Aýgytly ädim» filminden alýan bolarly. Umuman, şol ýyllarda ýeralma mellek ýerlerinde ekilýän hem bolsa, köpräk Russiýadan getirilýärdi. Indi bolsa türkmen topragynda biten ýeralmalar tagamlarymyza tagam goşýar.
Bu zerur azyklyk önümini özümizde öndürmek hormatly Prezidentimiziň oba hojalykçylardan bildirýän esasy talaplarynyň biridir. Türkmen daýhanlary muňa jogap edip, ene toprakdan ýylyň-ýylyna ýeralmanyň bol hasylyny ýygnaýarlar. Bu işe Çärjew etrabynyň daýhanlary hem mynasyp goşant goşýarlar.