HABARLAR

Türkmen maşgalasy - edebiň hem terbiýäniň öýi

Berkarar dӧwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda dӧwletimiz barha uly ӧsüşlere we ӧzgerişlere eýe bolýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, il-halk bähbitli amala aşyrylýan asylly işler her bir raýatyň watançylyk duýgusyny, ene topragyna bolan päk sӧýgini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr» diýen ajaýyp şygarynda adam hakdaky, aýratyn hem milletimiziň genofonduny gorap saklamak baradaky aladanyň bimӧçberdigini bu günki gün biziň ählimiz duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler dӧredilýär. Bu ugurda toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda maşgalany goramak we ony goldamak dӧwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Maşgala gatnaşyklaryny we maşgalada çaga terbiýesi baradaky kadalary düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň dӧwrüň talabyna gӧrä kämil we halkara hukuk kadalaryna laýyk bolmagy üçin netijeli işler amala aşyrylýar. Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr

Gyz edebi — il edebi

Milletimiziň milli ýörelgesi Türkmen halkynyň nesil terbiýesine garaýşy barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähimi seriňde aýlanýar. Ýagşy arzuw-umytlar, doga-dilegler bilen perzendi kemala getirmek, ony Watana, il-güne peýdaly adam edip ýetişdirmek türkmeniň ata-baba ýörelgesidir. Çagalykdan öwrenilen her bir zat adamyň kalbynda uzak wagtlap ýaşaýar. Şonuň üçinem «Çagakaň öwrenen zadyň daşa ýazylan ýaly» diýilýändir. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy döwletimiziň binýadynyň berkligini kepillendirýän esasy şertdir. Çaganyň ähli taraplaýyn sagdyn ösmegi üçin bolsa, döwletimizde uly aladalar edilýär.

Ejemden çörek gelipdir

Ol gün ejem örän bagtyýardy. Agamyň ýokary okuw mekdebine girip, talyplyga kabul edilendigi baradaky buşluk habary bilen öýe dolanmagy ejemiň başyny göge ýetirdi. Onuň kalbynda möwç urýan şatlyk şuglasyny uçganaklaýan gözlerinde görmek bolýardy. Ejemiň töweregi işdä açyjy ysy bilen gurşap alan etli çöregini ählimiz bir saçagyň başyna üýşüp iýenimizden soň, agamyň alyp gitmeli goşlaryny taýýarlamaga girişdik. Ertir paýtagta gitmelidigini eşiden ejem kendirigini taýýarlap, çörek bişirmegiň ugruna çykdy. Ol süýt garylan hamyryna özüniň mähirini, arzuw-umytlaryny siňdirýän deýin, şeýlebir yhlasly hamyr ýugurdy. Soňra ejem tamdyrdan täzeje çykaran gyzgyn çöreklerini saçagyň üstüne ýazyp sowatdy-da, doganyma çörekleri hemişe saçaga dolap goýmalydygyny tabşyrdy. Şonda men perwaýsyzlyk bilen: «Wi-iý, ejemi, şunça çöregi ýük edip alyp gitmek hökmanmy?! Aşgabatda dükan doly çörek ahyry» diýip goýberenimi bilmän galdym. «Ejeň çöreginiň agramy bolmaz, gyzym» diýende sesiniň biraz ünjüli, öýkeli eşidilmeginiň sebäbine has soň, özüm talyp bolanymda düşündim.

Ene süýdi — melhemler hazynasy

Welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde sentýabr aýynyň başynda ene süýdüniň milli hepdeligi mynasybetli çäreleriň birnäçesi geçirildi. Olarda merkeziň tejribeli lukmanlary ene süýdüniň ähmiýeti barada täsirli gürrüňleri we maslahatlary berdiler. Enäniň we çaganyň saglygy babatda bu möhüm işe ýurdumyzda milli hepdelik derejesinde ähmiýet berilmegi özüniň oňyn netijesini hem berdi. Şu makalamyzda hem ene süýdüniň ähmiýeti dogrusynda söz açmagy makul bildik. Ýaş nesliň saglygy, ilkinji nobatda, enäniň saglygyna bagly bolýar. Şoňa görä-de ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak barada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde giň möçberli işler alnyp barylýar.

Maşgalam — baş galam

«Maşgalam — baş galam» diýlip ýöne ýerden aýdylmaýar. Sebäbi döwlet maşgaladan başlanýar. Maşgala kiçi döwletdir. Maşgalada milli düşünjäniň, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, edep-terbiýäniň düýbi tutulýar. Maşgala ojagynyň abatlygy, synmazlygy, bagtyýarlygy bereketli ojaklaryň ýaraşygy bolan mährem gyz-gelinlere baglydyr. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyzda ynsan beýikligine mahsus bolan mähirlilik, wepalylyk, sypaýylyk, hossarlyk göreldesini dowam etdiriji zenan maşgala edep-ekramyň egsilmez gözbaşy, dünýäniň görki saýylýar. Şu ýerde ata-babalarymyzdan bize miras galan birnäçe dana pähimleri mysal getirmek bolar: «Gyz edebi — il edebi», «Gelin ojaga çeker», «Akylly gelin öý diker», «Öýi öý edýän aýal», «Gelniň geldi-geldisi, ogluň boldy-boldusy», «Maşgala — aýaldan başlanýar», «Är — öýüň goragy, aýal — öýüň diregi», «Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin öýi», «Enesini gör-de gyzyny al, gyrasyny gör-de biýzini» we başga-da birnäçe maşgala babatynda çuň ruhy ahlaklylyga eýlenen paýhasly pähimler dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelýär. Terbiýe maşgaladan başlanýar. Perzendiň ýaş wagty ene-atasyndan alan terbiýesi, oňa baky hemra bolýar. Aşa gowy görmek bilen, zähmete bişirilmän ýetişdirilen perzent, diňe barlygyň nä

Mil­li ter­bi­ýä­niň asylly ýörelgesi

Ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­jak ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu maksat bilen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry netijesinde bi­lim­li, ter­bi­ýe­li, aň-dü­şün­je­li, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­ üçin üs­tün­lik­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Sag­dyn pi­kir­li her bir ýaş nes­liň jem­gy­ýe­te go­şul­ma­gy üçin, il­kin­ji no­bat­da, olar­da kä­mil­li­ge ym­ty­ly­şy, üs­tün­li­ge elt­ýän dog­ry ýo­ly, ha­lal­ly­gy we päk­li­gi ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm­dir. Has dog­ru­sy, ol maş­ga­la­da ça­ga­nyň dün­ýä inen gü­nün­den baş­lan­ma­ly­dyr. Ça­ga ter­bi­ýe­sin­de ata-enä­niň or­ny uly bo­lup, il­ki ola­ryň öz­le­ri per­zen­di­ne gö­rel­de bol­ma­ly­dyr. Şo­nuň üçin her bir ata-ene şu me­se­lä çyn­la­kaý çe­me­leş­me­li­dir we per­zent­le­rin­de jo­gap­kär­çi­li­gi, dog­ru­çyl­ly­gy we ah­lak aras­sa­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­me­li­dir.

«Mähriban maşgalam - döwletli ojagym»

Adamzat özüniň uzak taryhy ýolunda maşgala bolup ýaşamaga uly sarpa goýup gelipdir. Häzirki döwürde hem türkmen maşgalasyna goýulýan sarpa, hormat uludyr. Maşgala - adamzadyň hojalyk döretmeginiň, öz durmuşyny ýöretmeginiň, çaga terbiýelemegiň esasy binýady bolup durýar. Asyrlarboýy türkmen halky maşgalany keramatly, mukaddes hasaplap gelipdir. Her bir maşgalanyň agzybirliginde, dowamlylygynyň berkemeginde, ata-babalarymyzdan arkama-arka gelip ýeten däp-dessurlarymyzy, ynançlarymyzy dowam etdirmegimizde maşgala agzalarynyň her biriniň uly orny bar. Hut şu mukaddes düşünjeler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahatyň özenini düzdi. Çärjew etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen «Mähriban maşgalam - döwletli ojagym» diýlip atlandyrylan çärä bilim ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler maşgala mukaddesligi, zenan terbiýesi, ahlaklylyk, edeplilik hem-de millilik dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Kümüş saçly eneler ýaşlara öwüt-ündew berdiler. Şeýle-de, maslahat bilen bir hatarda bu ýerde zenanlaryň el işleriniň sergisi guraldy.

Mekdebe äkidýän ýol

(oçerk) Eger-de onuň mekdebe gatnan ýolunyň uzynlygyny ölçeseň, doglan obasyna bir-ä däl, iki gezek pyýadalap gidip-gelençe bolardy. Hawa, mundan tas 75 ýyl ozal joşly Jeýhunyň kenaryndaky Çohpetde obasynda doglup, Pelwert obasynda bilim-terbiýe alan gyz nesibe-nika çekip, has uzakda — gadymy Bedirkendiň eteginde öý-ojak boljagyny näbilsin?!

Sen barkaň, ýürekde orun ýok gama...

Ene. Bu mähriban ynsan hakda söz açylanda, ilki bilen, mukaddes Käbe hakydaňa gelýär. Halkymyz taryhyň ähli döwründe-de enäni keramat derejesine göteripdir, olara tagzym edipdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda näçe diýseň mysal bar. Onda şeýle diýilýär: «Türkmen halkynda «ata — Kybla», «ene — Käbe» diýilýär. Olar din-imanyňa, messebiňe, ynamyňa deňelýär. Ondan aňyrda bolsa, hiç zat ýokdur». Gahryman Arkadagymyzyň köküni gözbaşlardan alýan bu pikiri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Kaýda sen?» atly goşgusynda hem duş gelýär. Bu goşgy tutuşlygyna enä bagyşlanypdyr. Onda Pyragy «Walydym, Mekge-Medinäm, mähribanym kaýda sen?» diýmek bilen, öz enesini mukaddes ýerler bolan Mekge-Medinä deňeýär. Enäniň mukaddeslige, keramata deňelmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi enäniň bar ýerinde rahatlyk bar, tämizlik bar, dokluk bar. Has dogrusy, adamzat dowamaty dowam edýär. Eneleriň barlygynda ynsan balasy dünýä inip, özüniň kimdigine, nämä ukyplydygyna, akyl-paýhas mümkinçiliginiň juda giňdigine göz ýetirýär. Ýaşaýşyň düýp manysyna düşünýär. Çünki bilimiň, edep-terbiýäniň ilkinji binýady ene göwresinden başlanyp, onuň barlygynda kämilleşýär.

Ejeňize til kakyň!

Gije sagat 12 bolmaga bäş-alty minut galanda SMS geldi: «Häzir sagat 12 bolar welin, ejeňe jaň et-de, doglan güni bilen gutla, aglap otyr!». Bu habaryň maňa ýalňyşlyk bilen ugradylandygyna meniň bada-bat akylym çatdy. Çatsa-da çatdy welin, bu habaryň döreden pikirlerinden ýaňa kelläm çatlap ýarylara geldi. Telefon belgisindäki haýsydyr bir sanyň ýalňyş ýazylanlygy sebäpli, ýalňyş salga baryp gowşan habar, göýä diýersiň, näbelli bir güýç tarapyndan iňňän dogry salga ýollanan ýaly boldy. Eger-de bu habar häzir ähli adamzada ýollanan bolsa, gör, nähili oňat bolardy! Eneler begençden ýaňa uçaýjak bolardy. Ençeme eneler bolsa… Ýok, bakyýa göç eýlän eneleriň ruhy bolsa şat bolardy. Men bu habar ähli adamzada ýollanan bolanda, juda gowy boljaklygy hakynda oýlanyp, hyýala çümüp oturmakdan peýda bolmajagyna magat gözüm ýetensoň: «Ýeri, bu hyýalyň hakykata aýlanmagy üçin sen näme etdiň?» diýip, özüme sowal berdim. «Belki, seniň hem bu habary birnäçe, has dogrusy, ençeme adama ýetirip biljekligiň üçin ol hut saňa gelendir» diýip, içimden bir ses — özüm özüme jogap gaýtardy. Derrew galama ýapyşdym. Ýok, bu leji çykan, edebiýatda köp gaýtalanan pikir bolansoň, menem ulanaýdym, kompýuterimi açdym-da, ýazmaga başladym… Ejeňize til kakyň! Doglan güni bolsa, on