Ejeňize til kakyň!

25 Awgust 2022
2110

Gije sagat 12 bolmaga bäş-alty minut galanda SMS geldi: «Häzir sagat 12 bolar welin, ejeňe jaň et-de, doglan güni bilen gutla, aglap otyr!». Bu habaryň maňa ýalňyşlyk bilen ugradylandygyna meniň bada-bat akylym çatdy. Çatsa-da çatdy welin, bu habaryň döreden pikirlerinden ýaňa kelläm çatlap ýarylara geldi. Telefon belgisindäki haýsydyr bir sanyň ýalňyş ýazylanlygy sebäpli, ýalňyş salga baryp gowşan habar, göýä diýersiň, näbelli bir güýç tarapyndan iňňän dogry salga ýollanan ýaly boldy. Eger-de bu habar häzir ähli adamzada ýollanan bolsa, gör, nähili oňat bolardy! Eneler begençden ýaňa uçaýjak bolardy. Ençeme eneler bolsa… Ýok, bakyýa göç eýlän eneleriň ruhy bolsa şat bolardy. Men bu habar ähli adamzada ýollanan bolanda, juda gowy boljaklygy hakynda oýlanyp, hyýala çümüp oturmakdan peýda bolmajagyna magat gözüm ýetensoň: «Ýeri, bu hyýalyň hakykata aýlanmagy üçin sen näme etdiň?» diýip, özüme sowal berdim. «Belki, seniň hem bu habary birnäçe, has dogrusy, ençeme adama ýetirip biljekligiň üçin ol hut saňa gelendir» diýip, içimden bir ses — özüm özüme jogap gaýtardy. Derrew galama ýapyşdym. Ýok, bu leji çykan, edebiýatda köp gaýtalanan pikir bolansoň, menem ulanaýdym, kompýuterimi açdym-da, ýazmaga başladym…

Ejeňize til kakyň! Doglan güni bolsa, ony doglan güni bilen gutlaň. Sebäbi şol gün bolmadyk bolsa, onda sizem bolmazdyňyz. Onuň halyndan habar alyň. Agzyňyzdan süýt ysy gitmedik bäbekkäňiz, «iňňäläp», ukusyny harama çykaranlygyňyz üçin ötünç soraň. Şonda ol ýylgyrar. Siziň bäbek halyňyzdaky pursada dolanyp baran ýaly bolar. Sizi akja arlykda ýatan päkize guşjagaz hökmünde alkyşlar. Oňarsaňyz-a, ýanyna baryp aýdyň aýtjak sözleriňizi hem-de onuň alkyşlaryny nagt alyň…

Orazmyrat MYRADOW,
žurnalist.