Edep bilen bagt tapylar

21 Awgust 2022
1066

Ze­nan maş­ga­lanyň gö­zel­li­gi onuň akyl-paý­ha­syn­da, edep-ek­ra­myn­da, ah­lak aras­sa­ly­gyn­da we ha­lal zäh­me­tin­de jemlenýär. Şeý­le gö­zel­li­giň aka­ba­sy bol­sa as­ly­ha­lal ene­le­ri­miz­den gaýd­ýar. Ene­le­ri­niň gö­rüm-gö­rel­de­si­ni, edep-ter­bi­ýe­si­ni özü­ne hem­ra edi­nen ze­nan­la­ry, ge­lin-gyz­la­ry gö­re­niň­de gö­züň do­kun­ýar. «Gyz ede­bi — il ede­bi» di­ýlip, ýö­ne ýe­re aý­dyl­ma­ýar. Onuň aň­yr­syn­da çuň ma­ny-maz­mun bar. Ze­nan maş­ga­la edep­li bo­lan­da, onuň ýe­tiş­di­ren per­zen­di-de il için­de at-ab­ra­ýa eýe bol­ýar.

Ata-ba­ba­la­ry­myz: «Ene bir mek­dep­dir, eger ol per­zen­di­ne oňat ter­bi­ýe be­rip bil­se, go­wy halk taý­ýar­la­dy­gy bol­ýan­dyr» di­ýip­dir­ler. Maş­ga­la­nyň bin­ýa­dy­nyň berk­li­gi, mi­ze­mez­li­gi, kä­mil­li­gi, ha­ky­kat­dan hem, enä bag­ly­dyr. Berk bin­ýat­dan çy­kyp ke­ma­la ge­len ogul-gyz bol­sa döw­le­tiň sars­maz di­re­gi we sü­tü­ni­dir. Maş­ga­la­nyň aba­dan­ly­gy we berk­li­gi her bir ene-ata­nyň ar­zu­wy, is­le­gi we mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Ata-ene özü­niň og­lu­nyň ýa-da gy­zy­nyň bagt­ly bolmagyny, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny ar­zuw edip gez­ýär. Olar öz ça­ga­la­ry­nyň akyl­ly-baş­ly, edep­li-ter­bi­ýe­li, il-gü­ne ge­rek­li adam bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin gi­je­si­ni gün­diz edip zäh­met çek­ýärler, ala­da ed­ýärler. Ha­çan-da şol zäh­me­ti ýe­ri­ne dü­şen­de bol­sa, ene-ata­nyň be­gen­jiniň, gu­wan­jy­nyň çä­gi bol­ma­ýar. Mu­ňa Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­by ar­ka­ly hem anyk göz ýe­tir­mek bol­ýar.

Gur­ban­gül GU­ZY­ÇY­ÝE­WA,
TYA-nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň esa­sy yl­my iş­gä­ri, fi­lo­lo­gi­ýa ylym­la­ry­nyň dok­to­ry.