Mährem ene yhlasy

17 Awgust 2022
844

Ene — bu her bir adamyň ilkinji aýdýan sözüdir. Her bir adam üçin iň mähriban, gymmatly, mukaddes sözüň enelerden, ýagny ýaşaýyşdan, toprakdan, suwdan, howadan we başga-da köp zatdan gözbaş alýandygy ýöne ýere däldir. Şonuň üçin hem ene söýgüsiniň, ene mukaddesliginiň waspy beýikdir. Ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri dilden düşürmän gelýän tymsallarynyň birine ýüzleneliň:

«Bagdat medreseleriniň birinde müderris talyplarynyň üşügini, zehinini, ylym-bilim derejesini barlap görmek isläpdir. Ol talyplaryny ýanyna çagyryp: «Zeminiň bir künjünde jennet topragy bar, şondan bir gysym alyp geliň» diýipdir. Her talyp okan, öwrenen zadyny täzeden gaýtalapdyr, küt-küt kitaplary dörjelemäge başlapdyr. Ençeme ägirtleriň eserlerini hem sahypama-sahypa agtarypdyrlar. Jennet topragynyň nirede ýerleşýändiginiň haýsy kitapda ýazylandygyny bilmek üçin ürç edipdirler. Şol günleriň birinde al-Merwezi lakamly bir şägirdiň müderrisden rugsat alyp, Merwe gidendigini talyplar bilip galýar. Olar öz aralarynda pyşyrdaşyp: «Diýmek, jennet topragy Merwde bolmaly. Öňki alymlaram Merwi jennetiň nusgasyna ýönelige deňän däldirler, şol ýerde bir mukaddes ýer bardyr, ony hem şu ýoldaşymyz bilýändir. Biziň bu zatlary bilmeýşimizi diýsene?!» diýşipdirler. Birnäçe günden soň, al-Merwezi bir gysym topragy müderrisiň öňünde goýupdyr: «Tagsyr, ynha, size jennetden bir gysym toprak getirdim» diýipdir. Müderris hiç zat bolmadyk ýaly düwünçegi kabul edipdir we ony ähli talybyň öňünde açyp görkezipdir. Üýtgeşik topragy görmäge höwesek talyplar düwünçegiň daşyna egele bolupdyrlar. Görseler, adaty bir gum. Talyplar bu wakanyň syryna akyl ýetirip bilmändirler. Müderris ondan: «Hany, şägirt, munuň jennet topragydygyny ýoldaşlaryňa hem düşündir, ýogsam, olar ynam etmeýäne meňzeýär» diýipdir. «Tagsyr, hezreti pygamberimiziň «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen mübärek sözleri bar. Men hem obama baryp, enemiň basyp giden aýak yzyndan bir goşawuç gum aldym, ine, şu hem jennet topragydyr» diýip jogap beripdir. Müderris bu jogapdan hoşal bolupdyr. Beýleki talyplaryň bolsa haýran galmakdan başga çykalgasy galmandyr. Öwrenen zatlarynyň ýadynda galmandygyna we talap edilýän zadyň asyl hikmetine göz ýetirmän, ony düýbünden başga ýerden gözländiklerine düşünipdirler».

Şirin JEPBAROWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň mugallymy.