Gyz edebi — il edebi

14 Sentýabr 2022
1495

Milletimiziň milli ýörelgesi

Türkmen halkynyň nesil terbiýesine garaýşy barada söz açylanda, ata-babalarymyzyň «Çaga — eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähimi seriňde aýlanýar. Ýagşy arzuw-umytlar, doga-dilegler bilen perzendi kemala getirmek, ony Watana, il-güne peýdaly adam edip ýetişdirmek türkmeniň ata-baba ýörelgesidir. Çagalykdan öwrenilen her bir zat adamyň kalbynda uzak wagtlap ýaşaýar. Şonuň üçinem «Çagakaň öwrenen zadyň daşa ýazylan ýaly» diýilýändir. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy döwletimiziň binýadynyň berkligini kepillendirýän esasy şertdir. Çaganyň ähli taraplaýyn sagdyn ösmegi üçin bolsa, döwletimizde uly aladalar edilýär.