Edep — altyn, terbiýe — hazyna

23 Awgust 2022
835

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby neşir edilip, halka ýaýran gününden bäri elimizden düşmän gelýär.

Kitapda Gahryman Arkadagymyz öz käbesi Ogulabat ejäniň mysalynda enäniň perzent terbiýesindäki ornunyň uludygy, çagalarynyň aladasyny edip, olara söýgi, mähir siňdirip ulaldýandygy barada gürrüň berýär. Kitabyň: «Maşgalada zenan öý-ojagyň gelşigi, söýesi hasaplanýar. «Çagalarynyň enesiniň» öýdedigine göz ýetiren öý eýesi hemişe arkaýyn bolýar. Çünki perzentleri üçin ganatyny gerýän mähriban ynsan öýde, ol ogul-gyzyny ünsdür mähir bilen gurşaýar. Şol mähribanlygy duýup kemala gelen çagalaryň sypaýy, rehimdar, işeňňir, adalatly, merdana bolup kemala gelýändigi hakyndaky täsin maglumatlar özüne çekýär» diýen sözleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Altyntäç REJEPOWA,
Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň mugallymy.