Mil­li ter­bi­ýä­niň asylly ýörelgesi

30 Awgust 2022
1425

Ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­jak ýaş­la­ry ke­ma­la ge­tir­mek mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu maksat bilen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry netijesinde bi­lim­li, ter­bi­ýe­li, aň-dü­şün­je­li, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek­ üçin üs­tün­lik­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Sag­dyn pi­kir­li her bir ýaş nes­liň jem­gy­ýe­te go­şul­ma­gy üçin, il­kin­ji no­bat­da, olar­da kä­mil­li­ge ym­ty­ly­şy, üs­tün­li­ge elt­ýän dog­ry ýo­ly, ha­lal­ly­gy we päk­li­gi ter­bi­ýe­le­mek mö­hüm­dir. Has dog­ru­sy, ol maş­ga­la­da ça­ga­nyň dün­ýä inen gü­nün­den baş­lan­ma­ly­dyr. Ça­ga ter­bi­ýe­sin­de ata-enä­niň or­ny uly bo­lup, il­ki ola­ryň öz­le­ri per­zen­di­ne gö­rel­de bol­ma­ly­dyr. Şo­nuň üçin her bir ata-ene şu me­se­lä çyn­la­kaý çe­me­leş­me­li­dir we per­zent­le­rin­de jo­gap­kär­çi­li­gi, dog­ru­çyl­ly­gy we ah­lak aras­sa­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­me­li­dir.

Şem­şat ATA­BA­ÝE­WA,
Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki 9-njy or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.