HABARLAR

Sport — ýaşaýşyň gözelligi

Ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi 3-nji iýunda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ýer ýüzüniň halklarynyň sarpalaýan senesi

Eýýäm ençeme ýylyň içidir, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sporta uly üns berýän ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyga eýe bolup gelýär. Sportuň ähli görnüşlerem peýdalydyr welin, onuň ynsan saglygy üçin örän haýyrly görnüşleriniň biriniň welosiped sportudygy ykrar edilen hakykatdyr. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen welosiped sportuny ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylan işleri dünýä nusgalyk diýip häsiýetlendirmek bolar. Hut şol esasdanam, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy halkymyzyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär, welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylýar, welosiped sporty bilen meşgullanmak, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli işjeň welosipedli ýörişleri guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Eýsem-de, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli welosipedli ýörişleri guramaklyk asylly däbe öwrülen eziz Diýarymyzda sportuň bu görnüşine gönüden-göni dahylly senede — milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününde şeýle ýörişleriň

Sportuň ösen Diýary

Belent ruhuň ýaýrawy dünýä ýaýylýar

Möhüm ugra öwrüldi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her bir adamda sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine bolan höwesi artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän ägirt uly işler özüniň netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän sport we sagdynlyk syýasaty, daşky gurşawy gorap saklamak babatda ekologiýa syýasaty diňe bir halkymyz tarapyndan goldanman, eýsem, dünýä derejesinde giňden ykrar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni” diýlip ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ine, şol günden bäri hem biziň döwletimizde welosipedli ýörişler, ýaryşlar yzygiderli we guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Welosiped sürmek halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň sportuň bu görnüşine bolan söýgüsini artdyrýar

Sport syýasatynyň gadamlary

Ýeňişleriň aýdyň ýoly Bagtyýarlyk zamanamyzyň ýyllarynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly il-günümiziň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden sport syýasaty tutumly işlerde rowaçlanýar. Ýurdumyzyň sportda halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Döwrebap stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary ýaşlaryň söýgüli mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda sport mekdeplerinde ýaş türgenleriň uly topary sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçýär.

Halkyň saglygy — döwletiň pugta binýady

3-nji iýunda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Milli Liderimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Welaýatymyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenilip geçildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, şol sanda dünýäde giňden ýaýran, Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen hem-de uly geljegi bolan welosiped sportuny ösdürmek üns berilýän esasy ugurlaryň biridir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi Aşgabat, 3-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi, özara ynanyşmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň nyşany hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Ruhubelentligiň baýramy

Düýn Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin welosipedli ýörişler guraldy. Mälim bolşy ýaly, sagdynlygyň we ruhubelentligiň özboluşly baýramçylygyna öwrülen, her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýän bu sene Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredildi hem-de ol sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýan ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki belent ykrarnamasy bolup, dünýä senenamasyna girdi. Düýnki geçirilen köpugurly çäreler hem bu aýdyň hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy. AHALDA