Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe, sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmäge gönükdirilen taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň sport giňişliginde eziz Diýarymyzyň abraýy has-da ýokarlanýar. Mähriban Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolup, bu ugurda ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýär hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň hataryna ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmäge gönükdirilen işler hem goşulýar.
Jemgyýetiň ykdysady ösüşiniň häzirki şertlerinde ulaglaryň we welosipedleriň sanynyň artmagy ýol hereketi babatda çözülmegini talap edýän meseleleri döredýär. Ýol hereketine gatnaşyjylaryň, ýagny sürüjileriň, ýolagçylaryň, welosiped sürüjileriň, pyýadalaryň janynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.