Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde saglygy berkitmegiň baş sakasy bolan sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Il saglygyny ýurduň baş baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýokary derejede enjamlaşdyrylan sport desgalarydyr mekdeplerini yzygiderli gurdurýar. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň halkyň saglygyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini baş maksatlarynyň birine öwrendigine şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biri-de sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşymyza berk ornaşdyrmakdan ybaratdyr. «Bedenterbiýe we sport adamyň beden hem akyl-paýhas ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda bu ulgamlary ösdürmäge aýratyn uly ähmiýet berýäris» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden halkyň arasynda sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanmaga bolan islegi güýçlendirmek maksady bilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Sporty ruhubelent ýaşaýşyň çeşmesi hasaplaýan hormatly Prezidentimiz çagalarda bu ugurdaky gyzyklanmany, sporta bolan söýgini döretmegi irki ýaşdaky döwründen başlamagy göz öňünde tutup, täze gurulýan mekdebe çenli çagalar edaralarda hem ýörite enjamlaşdyrylan sport zallarynyň bolmagyny ýola goýdy.