Güneşli Diýarymyzda çagalar bagyndan başlap, tä uly ýaşly adamlara çenli ähli ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Biz muňa 3-nji iýunda ýurdumyzda giňden dabaralanan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynda, welosipedli ýörişlerde has-da aýdyň göz ýetirdik.
Gözel paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz şaýollarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Bu bolsa ýurdumyzda mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine giňden eýerýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, dünýä halklaryny haýrana goýýar.