3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni
Toý-baýramlar, şanly seneler — ynsan durmuşynyň bezegi. Baýramçylyk günlerinde her bir adamyň göwün guşy al-asmana göterilip, onuň dumly-duşuna mähir paýlasy, nähilidir bir gowulyk edesi gelýär. Şol niýetini amala hem aşyrýar. Şonuň üçinem her bir toý-baýrama adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, taýýarlyk görýärler. Her ýylyň 3-nji iýunynda bütin Ýer ýüzünde giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününi hem ynsanlara şatlyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk paýlaýan baýram hökmünde görkezmek bolar. Bu senäni türkmen halkynyň egsilmez buýsanç duýgusy bilen garşylaýandygyny bellemek gerek. Onuňam sebäbi hemmämize mälimdir: Bütindünýä welosiped güni türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dörän hem-de Ýer ýüzünde uly goldawa, ykrarnama eýe bolan baýramçylykdyr.