Sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmek, her bir raýatyň sport bilen meşgullanmagy babatdaky alnyp barylýan işler döwlet syýasatynda mynasyp orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eserinde: «Sport biziň üçin ýaşaýşyň gözelligidir, çünki munuň özi tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak endigidir, tejribesidir. Sport sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň iň möhüm şertidir» diýip belleýär.
Häzirki zamanyň giň mümkinçilikli sport ulgamlarynyň döredilmegi hem-de ata Watanymyzyň bütin dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilmegi bu ugurda gazanylan ajaýyp üstünliklerdir. Ilatyň ähli gatlaklaryna bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak mümkinçiligini kepillendirýän «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär.