Ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi
3-nji iýunda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezýän bu halkara baýram parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.