Eýýäm ençeme ýylyň içidir, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sporta uly üns berýän ýurt hökmünde dünýäde meşhurlyga eýe bolup gelýär. Sportuň ähli görnüşlerem peýdalydyr welin, onuň ynsan saglygy üçin örän haýyrly görnüşleriniň biriniň welosiped sportudygy ykrar edilen hakykatdyr. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen welosiped sportuny ösdürmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylan işleri dünýä nusgalyk diýip häsiýetlendirmek bolar. Hut şol esasdanam, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, welosiped sportunyň häzirki döwürde köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy halkymyzyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär, welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylýar, welosiped sporty bilen meşgullanmak, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli işjeň welosipedli ýörişleri guramak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Eýsem-de, milli baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli welosipedli ýörişleri guramaklyk asylly däbe öwrülen eziz Diýarymyzda sportuň bu görnüşine gönüden-göni dahylly senede — milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped gününde şeýle ýörişleriň has-da giň gerime eýe boljakdygy öz-özünden düşnüklidir.
Hawa, Bütindünýä welosiped güni «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde bellenildi. Welaýat derejesindäki baýramçylyk çäreleri Balkanabat şäherinde ýaýbaňlanyp, onda köpçülikleýin welosipedli ýöriş esasy orny eýeledi. Şol gün ir säherden ýörişe badalga berilýän ýerde — köpugurly sport toplumynyň öňündäki baýramçylyk keşbine beslenen meýdançada aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň şirin aýdymlarynda, joşgunly tanslarynda bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň, dünýäde sport döwleti diýlip ykrar edilen ata Watanymyzyň, sportuň, bagtyýar durmuşymyzyň waspy ýetirildi. Sportuň dürli görnüşlerinden ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlary, bedenterbiýe maşklary Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerine gönükdirilen başlangyçlarynyň rowaçlyga beslenýändiginiň özboluşly güwäsine öwrüldi.