"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Edep-terbiýe — ýaşlara ýaraşyk

Tejen etrabyndaky 1-nji hem-de 12-nji orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda türkmen zenanlaryna mahsus bolan edep-terbiýe kadalaryny düşündirmek, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly asylly ýörelgelerinden, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgelerinden ugur alnan duşuşyklary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi bilelikde gurady. Duşuşyklarda bellenilişi ýaly, ene-mamalarymyz gyz edebine ýaşlykdan aýratyn üns gönükdiripdir, gymmatly nesihatlaryň, öwüt-ündewleriň üsti bilen olara edep-terbiýe beripdir.

Abadan durmuşyň bähbidine

Golaýda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda ilatyň arasynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy düşündirmek, neşekeşlige hem-de korrupsiýa garşy göreşmek, ýol hereketiniň kadalaryny we düzgünlerini dogry berjaý etmek meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa şu edaranyň işgärleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi barha rowaçlanýar. Parahorluga we korrupsiýa garşy hereket etmek, ilatyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, ahlak arassalygyny ündemek maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär. Şular dogrusynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň başlygynyň orunbasary, bank gözegçiligi bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Öwlüýäguly Gutlyýew, welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçileri Selbi Saparnazarowa, Näzik Ýusupowa, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi 1-nji derejeli ýurist Bilbil Saparowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhamedow, Daşoguz şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat işleri boýunça uly gözegçisi Akmyrat Mosanow, döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Bibigül Amanowa, TDP-niň welaýat komitetin

Terbiýe mekdebi

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgelerine sarpa goýmagy, olary hormatlamagy öwredýän, asylly häsiýetleri ündeýän gymmatly gollanmadyr. Kitapda ynsaplylyk, adalatlylyk, paýhaslylyk, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgelerimiz barada täsirli gürrüň edilýär. Onuň «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi» atly bölüminde şeýle bellenilýär: «Ýiti akyly bolan, pähimli oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler. Akylly ogul-gyzlar Watan gymmatlygynyň manysyna aýdyň düşünýän pähimdarlaryň nesilleridir.

Kadalary berk berjaý etmeli

Ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin, esasan, elektrik we gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar bilen iş salşylanda örän ünsli hem-de seresaply bolmak gerekdir. Gaz peçleriniň güýçli ýakylyp, olaryň ýakynynda ýanyjy materiallaryň galdyrylmagy, tebigy gazy eltmek üçin peje rezin geçiriji çekilip, onuň bolsa gyzgyna eremegi, gaz peçleriniň ýakylyp, birnäçe wagt gözegçiliksiz goýulmagy, pejiň ýanyjy materiallaryň, ýagny poluň, parketiň we beýlekileriň üstünde oturdylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýar. Ýyladyjy peçleriň tüsseçykarlary her üç aýdan bir gezek, aşhana peçleriniň tüsseçykarlary bolsa her iki aýdan bir gezek arassalanmalydyr. Tüsseçykarlaryň jaýyň agaç basyrgysyny göni deşip çykarylmagyna ýa-da olara degip durmagyna, diwary deşip, göni daşary çykarylmagyna asla ýol berilmeli däldir. Olaryň hapalanmagynyň we beýleki näsazlyklarynyň uly adamlaryň we çagalaryň ýanan gazyň tüssesi bilen zäherlenmegine alyp barýan halatlary, gynansak-da, duş gelýär.

Çaýçorba

Gahryman Arkadagymyzyň halk hakyndaky aladasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe göwün islän iýmitiňden haýyrlanmaga doly mümkinçilik bar. Hudaýa şükür, bolçulyk, abadançylyk. Sähel salymda owkady bişirmäge gaz plitalary, tok bilen işledilýän hil-hil enjamlar, gazan-taganlar... öý bikeleriniň gol astynda dur. Enelerimiziň, maşgalalarymyzyň, aýal doganlarymyzyň öňki döwürde gören gözgyny durmuşyny, isleseň-islemeseň, ýatlamaly bolýar. Ýaşaýanyň gyşyna sowuk, tomsuna yssy ýegşerilip oturan gara öýdür. Onda ne gaz bardyr, ne-de tok. Üstesine-de agşamlygyňy tapsaň, ertirligiň gara görgüdir. Ýöne ötenlerimiz şol ýeter-ýetmez durmuşda hem her edip, hesip edip, owkatdan, esasan hem, ertirlikden näumyt galmazlygyň çäresini tapypdyrlar. Ol neneňsi çärekä? Hawa, ol owkada «çaýçorba» diýilýär. Çaýçorbany taýynlamak üçin, ozaly bilen, süýtli gara çaý demlärdiler. Ýöne onuň ýüzündäki suwuň durlanyp duran suwuk däl-de, goýy, goňrumtyl reňkde bolmagyny gazanardylar. Çaýçorba iýilýän käse adatdakylardan iki-üç esse töweregi uly bolardy. Oňa «düýekäse» diýýänlerem bardy, «pyýala» diýýänlerem. ªol käsä her kes öz maddy ýagdaýyna, işdäsiniň alşyna görä, gant bilen mal ýagyny atardy. Goýnuň guýruk ýagy bolsa-ha has gowudyr. Oňa dogralýan çöregiň mukdary dogrusynda aýdanymyzda bolsa, çümhörekler-ä onuň bir käsesinden kanagatlanardylar, iýermenler bolsa pyýalany 2-3 gaýra çörekd

Sabyr hakynda söýlenen sözler

Iň garyp kişi sabyrsyz kişidir. Şekspir.

Milli ýörelgelere ygrarlylyk

Türkmen ýaşlaryny köpasyrlyk taryhy ýoluň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklar esasynda terbiýelemek, watansöýüji, zähmetsöýer hem-de ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ata Watanymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli we ýokary aň-düşünjeli ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» halkymyzyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän şahsyýetleri kemala getirmek möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär.

Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda (Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri)

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly toplumdan Heňňamlary garradan halkymyzyň hiç bir milletiňkä meňzemeýän däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri, edim-gylymlary bar. Ata-babalarymyz ony biragyzdan «türkmençilik» diýip atlandyrypdyrlar. Uýýan dinimizdenem, gepleýän dilimizdenem has öň kemala gelen bu asylly ýol türkmeniň gany bilen girip, köňül köşgünde kemal tapypdyr. Ynsan gatnaşyklaryny ynsanperwerlik, rehimdarlyk, päklik, wepadarlyk ýaly ölçeg terezisine salyp, agyr ýüküni abraýyna öwren pederlerimiziň bu ýol-ýörelgesi ösüp gelýän ýaş nesilleriň şamçyragydyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda, ilkinji geçiren mejlisinde pederlerimizden gelýän däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda wagyz etmegiň wajypdygyny nygtap, ony terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmak barada berk tabşyrdy. «Nesil» gazetiniň redaksiýasy milli Liderimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýaşlarymyzyň öz ata-babalary ýaly watansöýüji, zähmetsöýer, il-güne ygrarly, dost-ýara wepaly, päk ahlakly adamlar bolup ýetişmegine goşant goşmak maksady bilen, täze bir rubrika açmagy meýilleşdirdi. «Garaşsyzlyk we türkmençilik ýörelgeleri» atly bu rubrikamyzda göwnemakul milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, ýazylmadyk kada-kanunlarymyzyň, halkymyzy şan-şöhrata besläp gelen nusgalyk häsiýetlerimiziň nesil terbiýesindäki ähm

Geljegiň ak şäheri

Bagtyýar hem-de ajaýyp durmuş, gözel paýtagtymyzy al-ýaşyl öwüsýän şaýollar, giň hem owadan köçeler, ak mermere beslenen hatar-hatar binalar, agşamlaryna älemgoşar öwüşginli yşyklar, möwç alýan halal zähmet hem-de beýik ösüşler Aşgabadymyzy tanalmaz derejede özgertdi. Aşgabadyň ajaýyp gözelligi, ýaşamak hem işlemek üçin amatly merkez hökmündäki belent abraýy bu gün tutuş Ýer ýüzünde ykrar edilýär. Türkmen kalby deýin nurana, ajaýyp sungat eserine deňelýän görkana şäherimiziň ösüşleri görenleriň guwanjyny goşalandyrýar. Bitirilýän beýik işler durmuşyň gymmatlygy bolup, halkymyzyň ýaşaýşyny has-da belentliklere ýetirýär. Agzybir iliň zähmeti bilen dabaralanýan, durnukly ösýän döwletiň paýtagty Aşgabat dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde hem uly abraýa eýedir. Aşgabat şäheriniň görküni artdyrýan «Bitaraplyk» we «Abadançylyk» binalary bolsa milli gurluş aýratynlygy we çuňňur many-mazmuny bilen paýtagtymyzyň görnükli künjeginde parahatçylygyň aýdyň nyşany bolup şugla saçýar. «Parahatçylyk durky bilen durmuşyň sazlaşygydyr» diýýän, dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýän belent maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Wagyz-nesihat dabaralary

Wagyz-nesihat çäresi Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň, Ak bugdaý etrap häkimliginiň, Ak bugdaý etrap Bilim bölüminiň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň bilelikde guramagynda gyş paslynyň sowuk howasy bilen bagly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak, zyýansyzlandyryş serişdelerini ulanmak, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek barada degişli maslahatlary yzygiderli wagyz-nesihat etmek üçin çäreler geçirilýär.

Döwletlilik taglymaty dünýä nusgalyk

Jemgyýetiň ösüşindäki demokratik ýörelgeler milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürüldi. Munuň özi bu ugurdaky düýpli özgertmeleriň esasyny goýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk edarasy işini ykdysady özgertmeleriň we medeni-durmuş ulgamynyň ösüşleriniň esaslaryny goýýan kanunlary işläp taýýarlamaga we kabul etmäge gönükdirdi. Döwrüň talaplaryna laýyklykda täze kanunlar kabul edildi, öňden hereket edýänleriniň üsti üýtgetmeler we goşmaçalar bilen doldurylyp duruldy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we medeni-durmuş ulgamynda gazanylan oňyn netijeler ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamynyň barha kämilleşýändigine anyk subutnamadyr.

Ajap eýýamyň aýdyň ýoly

Arkadag Gursagyňda saklap peder yhlasyn,

Wagyz - nesihat çäreleri

Okuw - maslahat geçirildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerini guramaçylykly ýola goýmak, şeýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolmak bilen bagly wezipelere-de hemişe uly üns berilýär. Şu maksat bilen golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda okuw-maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdeleri, şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň şahsy düzümi gatnaşdylar.

Ýaşlar hakda alada

Tutumly işleriň maksatnamasy Her bir güni toýa, ýakymly wakalara utgaşýan zamanamyzda ýaşamagyň guwanjy barada söz açylanda eziz Diýarymyzyň özgerişli keşbiniň goýnuna dolýarsyň. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2020-nji ýyl uly üstünlikler, şanly wakalar bilen jemlenip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.

Asudalygyň goragynda

Döwrüň talabyna eýerilýär Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda döredijilikli zähmet çekýän türkmen halky bagtyýar geljegine barýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuny mynasyp zähmet sowgatly garşylamagy maksat edinýän il-günümiziň rahat, abadan durmuşyny üpjün etmegem döwrüň zerur meselesi bolup durýar.

Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary

Eziz Watanymyzyň aýdyň geljegi üçin gündelik zähmetiň bilen nusga görkezmek mukaddes işdir. Zähmet çekmek, öz islegiňe görä hünär, kär we iş ýeriňi saýlap almak, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertleri her bir adamyň konstitusion hukugy bolup durýar. Mejbury zähmet we çaga zähmeti gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Onuň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez. Bu hukuklar baradaky kadalar Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde giňişleýin öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly, raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmegi üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini we kepilliklerini döredýän, işgärler bilen iş berijileriň arasynda zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Zähmet kodeksi 2009-njy ýylda kabul edildi. Şondan bäri geçen döwrüň içinde ähli ulgamlarda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň gurluş düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy artdyryldy. Şoňa görä hem zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň zerurlygy ýüze çykdy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki wagtda milli parlamentiň deputatlary tarapyndan kodeksiň bitewüligini üpjün etmek hem-de ony ulanmagyň amatly şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň üstünde işlenilýär.

Aýdyň geljegi nazarlap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän taslamalaryň her biri, ilkinji nobatda, ösüşlerimize gönükdirilýär. Edil şonuň ýaly-da halkymyzyň bähbitlerine gulluk edýär. Ata Watanymyzyň ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda, welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerde, obalarda gurulýan çagalar baglary, saglyk öýleri, mekdepler, medeniýet ojaklarydyr sport desgalary halkymyzyň eşretli, bagtyýar ýaşaýşy üçindir. Milli Liderimiziň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny nusgalyk derejä çykarmak ugrunda edýän aladalary oňyn netije berýär. Aýratyn-da, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli gurluşyk materiallaryny öndürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň aglaba bölegi senagat kärhanalarynyň paýyna düşýär. Kärhanalar gurluşyk materiallary bilen bir hatarda, nebitgaz we energetika pudagy üçin enjamlaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hem öndürýärler. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan senagat kärhanalarynyň bolsa sany barha artýar.

Döwrebap şertlerden ruhlanyp

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň ösüşini hemişe üns merkezinde saklaýar. Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda sanly ulgam arkaly medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda hem bu hakykat aýdyň ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyz şol iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň pugta maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilendigi we onuň ähli mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň wajypdygy barada aýdanlary biz — medeniýet işgärlerini işimize has-da jogapkärli çemeleşmäge borçly edýär. Hormatly Prezidentimiz kitaphana işini ösdürmegiň meselesine hem ünsi çekip, şonuň bilen baglanyşykly elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplarynyň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça işleri geçirip, sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňelmegine gönükdirilen işleri dowam etmek boýunça anyk wezipeleri öňümizde goýdy.

Bir asyryň şaýady

Bu gün 100 ýaşy arka atyp, bir asyryň şaýady bolan uruş hem zähmet weterany Hally Esenow, «Alla ýalkasa ýaş berer, bendesi ýalkasa — aş» diýlişi ýaly, Hakdan ýalkawly, il-günden sylagly adam. Onuň iki ogly, bir gyzy, on bäş agtygy, on ýedi çowlugy bar. Gyzy Bibisoltan Esenguly etrap çeper halyçylyk kärhanasynda halyçy bolup işläp, hormatly dynç alşa çykypdyr. Uly ogly Omargylyç «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde operator, körpesi Kerim Balkan sement zawodynda sürüji bolup zähmet çekýär. Gelinleri Ogultäçdir Rejepbibi geçmişiň şaýady, bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşulusy bolan gaýynatasynyň halkymyzyň milli edep kadalary barada berýän öwüt-ündewleriniň durmuşda hemişe özlerine goldaw bolýandygyny aýdýarlar. Hally aga 1921-nji ýylyň 10-njy fewralynda Esenguly etrabynyň Ajyýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol 15 ýaşynda obada döredilen  kolhozda hasapçy bolup işe başlaýar.

Paýhas çeşmesi

Ýer-ýurt üýtgär, adamzat üýtgemez. *  *  *