Kadalary berk berjaý etmeli

10 Fewral 2021
911

Ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin, esasan, elektrik we gaz bilen işleýän gyzdyryjy enjamlar bilen iş salşylanda örän ünsli hem-de seresaply bolmak gerekdir. Gaz peçleriniň güýçli ýakylyp, olaryň ýakynynda ýanyjy materiallaryň galdyrylmagy, tebigy gazy eltmek üçin peje rezin geçiriji çekilip, onuň bolsa gyzgyna eremegi, gaz peçleriniň ýakylyp, birnäçe wagt gözegçiliksiz goýulmagy, pejiň ýanyjy materiallaryň, ýagny poluň, parketiň we beýlekileriň üstünde oturdylmagy ýangynyň döremegine sebäp bolýar.

Ýyladyjy peçleriň tüsseçykarlary her üç aýdan bir gezek, aşhana peçleriniň tüsseçykarlary bolsa her iki aýdan bir gezek arassalanmalydyr. Tüsseçykarlaryň jaýyň agaç basyrgysyny göni deşip çykarylmagyna ýa-da olara degip durmagyna, diwary deşip, göni daşary çykarylmagyna asla ýol berilmeli däldir. Olaryň hapalanmagynyň we beýleki näsazlyklarynyň uly adamlaryň we çagalaryň ýanan gazyň tüssesi bilen zäherlenmegine alyp barýan halatlary, gynansak-da, duş gelýär.

Toýmyrat NURGULYÝEW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 2-nji ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň 368-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiriniň orunbasary, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar