Aýdyň geljegi nazarlap

9 Fewral 2021
921

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, durmuşa geçirilýän taslamalaryň her biri, ilkinji nobatda, ösüşlerimize gönükdirilýär. Edil şonuň ýaly-da halkymyzyň bähbitlerine gulluk edýär. Ata Watanymyzyň ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda, welaýat we etrap merkezlerinde, şäherlerde, obalarda gurulýan çagalar baglary, saglyk öýleri, mekdepler, medeniýet ojaklarydyr sport desgalary halkymyzyň eşretli, bagtyýar ýaşaýşy üçindir. Milli Liderimiziň raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny nusgalyk derejä çykarmak ugrunda edýän aladalary oňyn netije berýär.

Aýratyn-da, soňky ýyllarda ýurdumyzda ýerli gurluşyk materiallaryny öndürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň aglaba bölegi senagat kärhanalarynyň paýyna düşýär. Kärhanalar gurluşyk materiallary bilen bir hatarda, nebitgaz we energetika pudagy üçin enjamlaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hem öndürýärler. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan senagat kärhanalarynyň bolsa sany barha artýar.

Çary GARÝAGDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar