Edep-terbiýe — ýaşlara ýaraşyk

11 Fewral 2021
902

Tejen etrabyndaky 1-nji hem-de 12-nji orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlarynyň arasynda türkmen zenanlaryna mahsus bolan edep-terbiýe kadalaryny düşündirmek, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaşly asylly ýörelgelerinden, şol sanda ýaşaýşyň gözbaşy bolan, ömrümize ýaraşyk berýän enelere hem-de gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýörelgelerinden ugur alnan duşuşyklary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi bilelikde gurady.

Duşuşyklarda bellenilişi ýaly, ene-mamalarymyz gyz edebine ýaşlykdan aýratyn üns gönükdiripdir, gymmatly nesihatlaryň, öwüt-ündewleriň üsti bilen olara edep-terbiýe beripdir.

Beýleki habarlar