Geljegiň ak şäheri

10 Fewral 2021
813

Bagtyýar hem-de ajaýyp durmuş, gözel paýtagtymyzy al-ýaşyl öwüsýän şaýollar, giň hem owadan köçeler, ak mermere beslenen hatar-hatar binalar, agşamlaryna älemgoşar öwüşginli yşyklar, möwç alýan halal zähmet hem-de beýik ösüşler Aşgabadymyzy tanalmaz derejede özgertdi. Aşgabadyň ajaýyp gözelligi, ýaşamak hem işlemek üçin amatly merkez hökmündäki belent abraýy bu gün tutuş Ýer ýüzünde ykrar edilýär. Türkmen kalby deýin nurana, ajaýyp sungat eserine deňelýän görkana şäherimiziň ösüşleri görenleriň guwanjyny goşalandyrýar. Bitirilýän beýik işler durmuşyň gymmatlygy bolup, halkymyzyň ýaşaýşyny has-da belentliklere ýetirýär.

Agzybir iliň zähmeti bilen dabaralanýan, durnukly ösýän döwletiň paýtagty Aşgabat dost-doganlygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, ygtybarlylygyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde hem uly abraýa eýedir. Aşgabat şäheriniň görküni artdyrýan «Bitaraplyk» we «Abadançylyk» binalary bolsa milli gurluş aýratynlygy we çuňňur many-mazmuny bilen paýtagtymyzyň görnükli künjeginde parahatçylygyň aýdyň nyşany bolup şugla saçýar. «Parahatçylyk durky bilen durmuşyň sazlaşygydyr» diýýän, dünýä içre ykrar edilen milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýän belent maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Serdar BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar