Zähmet gatnaşyklarynyň hukuk esaslary

10 Fewral 2021
980

Eziz Watanymyzyň aýdyň geljegi üçin gündelik zähmetiň bilen nusga görkezmek mukaddes işdir. Zähmet çekmek, öz islegiňe görä hünär, kär we iş ýeriňi saýlap almak, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertleri her bir adamyň konstitusion hukugy bolup durýar. Mejbury zähmet we çaga zähmeti gadagandyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine we hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Onuň möçberi döwlet tarapyndan bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinden az bolup bilmez. Bu hukuklar baradaky kadalar Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde giňişleýin öz beýanyny tapýar.

Mälim bolşy ýaly, raýatlaryň zähmet çekmäge konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmegi üçin zerur durmuş-hukuk şertlerini we kepilliklerini döredýän, işgärler bilen iş berijileriň arasynda zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Zähmet kodeksi 2009-njy ýylda kabul edildi. Şondan bäri geçen döwrüň içinde ähli ulgamlarda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň gurluş düzüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýy artdyryldy. Şoňa görä hem zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň zerurlygy ýüze çykdy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki wagtda milli parlamentiň deputatlary tarapyndan kodeksiň bitewüligini üpjün etmek hem-de ony ulanmagyň amatly şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň rejelenen görnüşiniň üstünde işlenilýär.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar