"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Watançylyk ruhy we kämillik

Tebigat her bir ynsana akyl-paýhas, zehin, ukyp-başarnyk berýär. Akyl-paýhasyňy kämilleşdirmek, zehiniňi ýiteltmek, ukyp-başarnygyňy artdyrmak bolsa adamyň özüne bagly bolup durýar. Akyl-paýhasyny, zehinini, ukyp-başarnygyny özüniň zähmetsöýerligi, yhlasy bilen utgaşdyryp, döredijilige, şygyr ýazmak sungatyna ugrukdyryp bilýän çagalardyr ýaşlar bolsa hemişe guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Ýiti akyly bolan, pähimli oýlanmagy başarýan nesiller döwrüň zerurlygyna aýdyň düşünip bilýärler.

Köňülleriň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk işinde görelde görkezip, döwlet sylagyna mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hatarynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri-de bar. Şolaryň käbiriniň ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Aýjemal HALYKOWA,Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy:

Bäherdenli halyçylara toý sowgady

Düýn Ahal welaýatynda Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň döwrebap binasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çeper elli gelin-gyzlara ajaýyp sowgat bolan täze kärhananyň açylyş dabarasy özboluşly toýa öwrüldi. Şatlyk-şowhuna beslenen dabara gatnaşan ildeşlerimiziň käbiriniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik. Hoşgeldi ATAÝEW, Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Uýgur nakyllary

Garga zyňdym, sygra degdi. *  *  *

Razy

Ynsana bagt üçin nämeler gerek?At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.Her goşgymda kämil bolmana derekOnuň barha kyn düşýänne razy men. Razy — çynym bilen sadany söýýän,Razy — halal saçagymda çöregim.Razy — çalarypdyr saçlarym eýýäm,Razy — hernä üýtgemändir ýüregim.

Durmuş düwünçeginden

Bir gezekde köp zat öwrenjek bolma, bir zady köp gezek öwren. *  *  *

Doganlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine (Hekaýa)

Günlerde bir gün...

Günlerde bir gün kompozitor Brams diýseň nalajedeýin wiolençelçä sazandarlyk edipdir we onuň çalýan bolgusyz sazynyň sesini basmak üçin bilgeşleýinden gaty çalypdyr. Wiolençelçi nägileligini içinde saklap bilmändir: — Siz şeýle bir gaty çaldyňyz welin, men öz-özümi eşidip bilmedim-ä?!

Körpejeler — Aşgabat hem Merjen paýtagtymyzyň 140 ýyllygy bellenilýän günde dünýä indiler

25-nji maýda Türkmenistanda Aşgabat şäheriniň güni hem-de onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän günde paýtagtymyzda doglan ilkinji çagalaryň ata-enelerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy, mähirli gutlaglar, bagtly durmuş, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlar beýan edildi. Körpejeler Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezde dünýä indiler. Selbi we Yslam Orazmyradowlaryň maşgalasynda oglanjyk, Aýna we Ýazmuhammet Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyzjagaz doguldy. Bäbejikleriň ikisi hem bu maşgalalaryň birinji çagalarydyr.

Tolgundyryjy pursatlar

25-nji maýda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ählisinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi Şeýle ajaýyp baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylda uçurymlaryň onlarça müňüsi üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.

Soňky jaň (Oýlanma)

«Soňky jaň» bilen bagly ajaýyp ýatlamalar hemmäniň hem kalbynda müdimilik orun alandyr. «Soňky jaň» mekdebi tamamlaýan uçurymlar üçin ýatdan çykmajak çagalygy peşgeş beren ak mekdepde okuw ýylynyň ahyrky güni. Eýsem, mekdep derwezesinden çykyp, ulularyň hatarynda durmuşa gadam basmagymyzyň öňüsyrasyndaky sesleri çasly-çasly çykýan «Soňky jaň», gör, nämeleriň gutarýandygyny habar berýär?! Ahmal, häzirki sanajak zatlarym mekdep partasynda oturmak miýesser eden her bir adama tanyşdyr... Mekdep barada ata-enelerimiziň aýdýan sözleri, heniz bir sapar hem görmedik ýeriň hakynda hyýalyňda täsin zatlaryň janlanmasy. «Ilkinji jaň» dabarasynda aýtmak üçin öwrenilýän şygyrlar. Çagalygyň özi ýaly sadaja, çaga ýüregi ýaly ullakan, gyzykly we düşnükli harplardyr suratlary özünde jemleýän «Harplyk» kitaby. Partadaşyň adyny soramak, ilkinji bezzatlyk, mugallymyň öwgüsidir käýemesi, «Parta çyzmaly däl...», «Sapaga gijä galma...». Kitap paýlamalar, sentýabrda berlen, heniz nätanyş kitabyň ahyryna çenli sözbaşylarydyr suratlary bilen tanşyp çykmak. Naharhananyň byzmygynyň ýakymly ysy. Her ýyl tomus mekdep lybaslarydyr esbaplaryny almak üçin mekdep bazarlaryna howlukmak. Täzeje kitaplaryňdyr depderleriň, surat albomlarynyň ýakymly ysy. Bahar gülleri bilen mugallymyňy begendirmek. «Heýjanelek, tomus!». Synpdaşlaryň bilen garlaşmak. «Näme üçin?» diýen soragyň müňlerçe jogaby. Durmuşa bolan höwes, ok

Gözelligiň dürdänesi

Ýurdumyzyň ýüregi saýylýan gözel Aşgabadyň binagärlik keşbi gün-günden özgerýär. Özüniň gaýtalanmaýan ajaýyp keşbi bilen köpleri haýran galdyrýan ak mermerli kaşaň köşkler, belent binalar, döwrebap şertleri özünde jemleýän köpgatly ýaşaýyş jaýlary paýtagtymyza özboluşly öwüşgin çaýýar. Islendik ýurda baranyňda hem ilki bilen täsin binalarda gözüň eglenýär. Şolara seredip, ýurduň ýüzüni, ösüşlerini görýärsiň. Biziň mermer şäherimiz babatynda hem şeýle. Şahyr aýtmyşlaýyn «Arkadagyň sungat eseri» bolan Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün paýtagtymyz häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäher hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar.

Binagärligiň ajaýyp nusgasy

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy mähriban halkymyza şanly baýramçylyk mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda ýokary medeniýet ulgamy bolan, ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäherleriň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky öňde goýan maksatlary uly rowaçlyklara beslenýär. Ak mermerli paýtagtymyzda kemala getirilen giň hem owadan şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan ýokary derejeli myhmanhanalary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglyk edaralarynyň we sport desgalarynyň binalary, ak mermere beslenen çagalar baglary, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap belent ýaşaýyş jaýlary, ministrliklerdir pudak edaralarynyň milli öwüşginli owadan edara binalary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki birnäçe binalardyr desgalar bu gün ähli halkymyzyň guwanjy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda öňňin hem goşa baýramçylyk mynasybetli 140 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy, umumy meýdany 744 gektar bolan ägirt uly «Aşgabat-siti» taslamasynyň gurluşygyna badalga berildi.

Bag­ty­ýar­ly­gyň mi­ze­mez bin­ýa­dy

Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy adam­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň de­mok­ra­ti­ýa­nyň maş­ga­la­dan baş­lan­ýan­dy­gy, onuň ah­la­gyň, gym­mat­lyk­la­ryň go­rag­çy­sy bo­lup dur­ýan il­kin­ji gu­ra­ma­dy­gy ba­ra­da aý­dan dür­dä­ne söz­le­rin­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da her bir maş­ga­la­nyň bag­ty­ýar­ly­gy ga­za­nyl­mak bi­len, jem­gy­ýe­tiň bin­ýa­dy has-da ber­ki­dil­ýär. Eziz Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da her bir maş­ga­la­nyň mad­dy we ru­hy taý­dan go­rag­ly­ly­gy üp­jün edil­ýär. Ada­my go­ra­mak, gol­da­mak we oňa hyz­mat et­mek döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň baş we­zi­pe­le­ri­dir. Döw­let her bir ra­ýa­ty­nyň öňün­de jo­gap­kär­dir we şah­sy­ýe­tiň er­kin ös­me­gi üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýär, ra­ýa­tyň ja­ny­ny, at-ab­ra­ýy­ny, mer­te­be­si­ni, azat­ly­gy­ny, şah­sy el­deg­ril­me­siz­li­gi­ni, te­bi­gy we aý­ry­baş­ga­lan­maz hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz maş­ga­la­nyň bäh­bi­di­ni go­ra­mak we gol­da­mak ba­bat­da bi­ziň öňü­miz­de anyk we­zi­pe­le­ri goý­mak bi­len, adyl ka­zy­ýet­li­giň iň ýo­ka­ry de­re­je­de açyk­ly­gy­nyň we aýan­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly üp­jün edil­me­li­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Şun­dan ugur alyp, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri gul­luk borç­la­ry­ny ak ýü­rek­den ber­jaý ed­ýär­ler we mer­da­na ata

Kämillige tarap ynamly gadamlar

Türkmenistanyň Esasy Kanuny türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçýän özgertmeleri kämilleşdirmegiň düzgünnamalaryny özünde jemleýän hukuk guraly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar. Kanunçylygy kämilleşdirmek döwlet gurluşyny ösdürmegiň esasy ugrudyr. Şonuň üçin hem Konstitusiýamyza üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi dünýäniň kanunçylyk işinde bar bolan esasy hukuk düşünjelerini we pudaklaryny özünde jemleýän pugta kanunçylyk binýadyna öwrüldi. Esasy Kanunymyz döwletimiziň dünýäde tutýan ornuny anyk kesgitledi. Halkara guramalaryň köpüsine agzalyga girmegi, daşary syýasatda parahatçylykly ýaşamak, güýç ulanmazlyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgeleriniň pugta berjaý edilmegi onuň dünýädäki abraýyny has hem artdyrýar.

Ýerlerden gowşan habarlar

HALYÇYLARYŇ ÜSTÜNLIGI«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir aýyny uly zähmet üstünlikleri bilen jemleýän önümçilik kärhanalarynyň hatarynda Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç haly önümhanasyny hem görkezmek bolýar. Bu ýerde çeper elli gelin-gyzlaryň 30-dan gowragy zähmet çekýär. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde, meýilnamalar aýma-aý ýerine ýetirilip, dürli ölçegdäki haly we haly önümleri sarp edijilere ugradylýar. Häzirki wagtda önümhanada 3x4, 5,60x3,60, 2x3, 2,50x1,60 ölçeglerdäki halylar dokalýar. Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe önümhanada 93 inedördül metr haly dokaldy. Halyçy gelin-gyzlardan Dilber Mätmuradowa, Gülkamar Berdiýewa, Zamira Habibullaýewa, Gülruh Söýünkylyçowa, Araztäç Şyhyýewa, Bike Uteşowa, Annabagt Annakulyýewa dagy beýlekilere görelde bolýarlar. Olaryň dokan önümleri özüniň owadanlygy, nepisligi bilen tapawutlanýar. Munuň özi önümhanada zähmet çekýän dokmaçy gelin-gyzlaryň ýeterlik iş tejribe toplandygyndan habar berýär. Önümhananyň halyçylarynyň bu üstünligi Türkmen halysynyň baýramyna mynasyp sowgatdyr. Gülhumar HOJAHMETOWA,TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni. * * *

Bize ýazýarlar

Aklygyň hem bagtyň şäheri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toýlar goşa-goşadan gelýär. 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllyk, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý seneleriniň gabat gelmegi şanly wakalaryň üstüni ýetirýär. Görenleri haýran edýän gözel paýtagtymyz Aşgabadyň keşbini görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Boýdan-başa ak mermere beslenen Aşgabat aklygyň baş alamatyna meňzeýär.

Bäsleşik geçirildi

Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda olaryň iş başarjaňlygyny, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna ygrarlylygyny, ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerine ökdeligini açyp görkezmek maksady bilen bäsleşik geçirildi.

Arkadagly dünýä belli Aşgabat!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagt şäherimiz Aşgabat özüniň täze ömrüne gadam basdy. Aşgabat gözümiziň alnynda zamananyň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Halkymyzyň alnyndan ak Gün bolup dogan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň dabaralary bütin dünýä ýaň salýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda baş şäherimiziň 140 ýyllygyny toýlaýan agzybir, zähmetsöýer halkymyz milli Liderimiziň tagallasy bilen gün-günden gözelleşýän ak şäherine tüýs ýürekden guwanýar. Çawy ýedi yklyma dolan bagtyýarlyk zamanamyzda Gahryman Arkadagly, bagtyýar illi, dünýä belli gözel Aşgabat hemmeleriň söýgüli şäherine öwrülip, gün-günden gülläp ösýär. «Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goýmalydyrys» diýip belleýän hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy bilen tanyşýar. Milli Liderimiziň paýtagtymyza iş saparlary Watanymyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler bilen baglanyşykly meseleleriň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezindedigine güwä geçýär. Paýtagtymyzyň özgerýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymy

Ak ýollar uzaýar geljege bakan, Öňe, diňe öňe, jan türkmenistan!

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapyp, döwet galamynyň astyndan çykan hut şu çuň many-mazmunly dürdäne setirlerden hem görnüşi ýaly, ösüşlere beslenýän Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegi nazarlap, öňe, diňe öňe barýar. Şonuň üçin hem bagtyýarlyk zamanamyzda ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimizi müň mertebe alkyşlap, gülşen günleriň goýnunda asuda, abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyzyň göwni ganatly, ruhy berkararlyk buýsanjymyz ýaşyl Tugumyz deý belent. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslenýän baýramçylyklar bolsa milli senenamamyza zamanabap täze röwüş çaýyp, Berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýar. Toýlary toýa ulaşýan Arkadagly Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň mysalynda hem bu hakykat aýdyň şöhlelenýär. Milli we ruhy gymmatlyklarymyzdan gözbaş alýan täsin binagärlik medeniýetini özünde jemleýän ak mermerli paýtagtymyza seýle çykmagyň lezzeti söz bilen beýan edip bolmajak derejede üýtgeşikdir. Şonda Jeýhun deý joşgunly kalbyňy heýjana salýan buýsanç duýgularyňy gursagyňa keşdeläp, ak şäherimiziň gözelligine guwançly bakýansyň. Gün-günden has ajap keşbe girýän baş şäher