"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Fransiýa

Fransiýa Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik, Ýewropa Bileleşiginiň, «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň agzasy bolup, ykdysadyýeti ösen, transkontinental döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girýän ýurtlaryň arasynda Fransiýa ykdysadyýetiniň göwrümi boýunça Germaniýadan soň ikinji orny eýeleýär. Ýurduň ösüşiniň häzirki zaman tapgyry nazara alnyp, esasy wezipeleriň hatarynda ekologik kanunçylygyny kämilleşdirmek, sirkulýar ykdysadyýetine geçmegiň dürli derejeli maksatnamalaryny kabul etmek, ähli pudaklar üçin ýol kartalaryny işläp düzmek, eko-senagat parklaryny, eko-şäherlerini, eko-oba hojalyk önümçiligini döretmek ýaly derwaýys meseleler görkezilýär. Makro we mikro derejelerde sirkulýar ykdysadyýetini ösdürmeklige Fransiýa uly ähmiýet berýär. Şu maksat bilen, «Sirkulýar ykdysadyýeti boýunça ýol kartasy: 50 çäre 100 göterimli dolanyşykly ykdysadyýet üçin» atly milli strategik resminama we paýtagt Pariž şäheriniň 2017 — 2020-nji ýyllar üçin sirkulýar ykdysadyýetiniň Meýilnamasy kabul edildi. Bu resminamalarda ekologiýa dünýägaraýşynyň we ýaşyl sarp ediş medeniýetiniň emele getirilmegine, ilatyň maglumat habarlylygyna we tebigy gurşawy goramak taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine, senagatda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ekologik howpsuzlygy ýörelgelerine esaslanýan tygşytly ýapyk

Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti

Tatarystan Respublikasy — Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri. Golaýda Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowyň ýurdumyzda saparda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşmagy hem Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär. Şulary nazarda tutmak bilen, gazetimiziň şu sanynda Tatarystan Respublikasynyň ykdysadyýeti bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul gördük.

Türkmenistanda ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik desgalary gurulýar

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Mämmethan Çakyýew 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 118 göterime, ulagyň ähli görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgininiň, degişlilikde, 103,5 hem-de 102,6 göterime deň bolandygyny aýtdy.

Türkmenistanda öndürilýän uçar kerosinine isleg ýokarlanýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny,

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek daşlyklary, nah ýüplük, geçiniň ýüňi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ykdysadyýetiň esasy ugry

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň nebit-gaz senagaty pudagyndaky gazanylýan üstünlikler hem guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatda ýangyç-energetika pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetiň daýanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda-da ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Ýagty geljegi nazarlaýan ösüşler

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan ähli ulgamlarda sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Şol özgertmeleri has-da rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmaga, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kuwwatly senagat kärhanalarynyň, döwrebap ýol-ulag düzümleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetiň galkynmagyny şertlendirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar ýanynda tebigy baýlyklary, uglewodorod serişdelerini, magdanlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň artmagyna ýardam edýär. Şeýle hem innowasion önümçilik kärhanalarynyň ulanyşa girizilmeginiň depgini ýylsaýyn artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry işe girizildi. Bu döwrebap desga ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli taslamalary möhüm gurluşyk serişdesi bilen üpjün etmäge uly goşant goşar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Türkmen halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak ýaly işler sogaply hasaplanylýar. Gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine ýakynlaşdyran Beýik Ýüpek ýoly türkmen topragynyň üstünden geçipdir. Türkmen halkymyzyň gadymy şan-şöhraty bagtyýar zamanamyzda täze röwüşde, döwrebap işler bilen dabaralanýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň merkezi hökmünde Türkmenistan dünýäniň ýüregine hoşniýetlilik ýollaryny çekýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edýändigi ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, beýik işleriň rowaçlanýandygynyň güwäsine öwrülýär.

Türkmenistan maýa goýum syýasatyny ilerledýär

Milli özygtyýarlylygyny gazanmak bilen, özbaşdak dolandyryş ulgamyny, şol sanda maliýe-bank ulgamyny döreden döwletimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüşlere ýetdi. Häzirki taryhy döwürde Türkmenistanda ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda dünýä tejribesini özleşdirmek bilen, raýatlara döredilýän şertlerde döwrebap ýörelgelerden ugur alynýar. Durnukly ykdysady ösüşiň netijesinde döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň hem möhüm ähmiýete eýedigini bellemek zerur. Bu ugurda halkara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini, amatlylygyny ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem baý tejribä eýedir. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, maýa goýum syýasatyny ilerletmekde, bu babatda daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga işjeň çekmekde netijeli tagallalary edýändigini bellemek gerek. Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklarynyň döwlete degişli edaralary, maliýe guramalary we hususy kärhanalar bankyň müşderileriniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, esasan-da, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, B

Suw hojalygy pudagynda bilelikdäki tagallalar

Ýer ýüzüni goramagyň gününe gabatlanyp, 30-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Suw serişdeleri we daşky gurşaw boýunça sebit taslamasyny (WAVE) durmuşa geçirmegiň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw hojalyk meseleleri boýunça sebit maslahaty geçirildi. Sebit maslahatyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň suw hojalyk düzümleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw hojalyk özgertmelerini seljermek, suw hojalyk pudagyny ösdürmegiň strategiýasy, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, bu işde ulanylýan tehnologiýalary nazara almak esasynda, suw hojalygyndaky sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak babatdaky meseleler girizildi.

Ýollar ýürekleri birleşdirýär

Gurmak, döretmek ata-babalarymyzdan gelýän döwletli ýol-ýörelgelerimizdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şeýle sogaply işler, asylly ýol-ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berlipdi. Garagum sährasynyň çäginden geçýän bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça öňe süren başlangyçlary we teklipleri netijesinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan alty sany Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň ulag syýasatyny we bu ugurdaky tagallalary dünýä jemgyýetçiliginiň işjeň goldaýandygyny tassyklaýan bu resminamalar halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmaga hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisiniň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir ýere jemlän iri forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybarat boldy. Şoňa görä-de, mejlisiň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary ösdürmegiň, bu ugurda ylalaşykl

Energetika mümkinçiliklerimiz netijeli peýdalanylýar

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Çünki Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Şu jähetden, Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň wajyp ähmiýete eýedigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyz tebigy gazy çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi uly ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberiji iri ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, harytlar düzüminiň energetika eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işlere gatnaşmagyny hem hil taýdan özgerdýär. Şeýle-de Türkmenistan ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleri döredýän kuwwatly serişdeler binýadyna eýedir. Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin özleşdirilýär.

Türkmenistanda iki sany gury ýük gämisiniň gurluşygyna taýýarlyk görülýär

Mälim bolşy ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşyldy. Şu günler bolsa täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi-hünärmeniň zähmet çekmegi göz öňünde tutulýar. Ýakynda koreýaly hünärmenler tarapyndan täze suw ulaglarynyň gurluşygynda işlejek ýaş işgärler bilen gurluşygy meýilleşdirmek, tilsimatlary ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak, kebşirlemek, elektrik işleri, hil gözegçiligi boýunça 2 aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçirilip başlandy. Gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlamak göz öňünde tutulýar. Döwrebap kärhananyň hünärmenleri öňden hereket edýän suw ulaglarynda dürli abatlaýyş işlerini-de ýokary derejede alyp barýarlar.

Ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana barar

Russiýadan Hindistana iberilen ilkinji “Agroexpress” otlusy Türkmenistanyň çäginden geçer. Russiýanyň demirýollary (RŽD) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň penşenbe güni habar bermegine görä, RŽD AGPJ-niň “RŽD Logistika” golçur kompaniýasy we “Suhoý Port Ýužnouralskiý” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet tarapyndan gurnalan we ugradylan bu otly süle we däne önümlerinden ybaratdyr. Habarda bellenilişi ýaly, Russiýanyň “Uwelka” kompaniýasynyň süle önümleri ýüklenilen ýigrimi futlyk 31 sany konteýner Formaçýowa menzilinden (Ýužno-Ural demir ýollary) Türkmenistanyň Sarahs menziline ugrady.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda

galyndysyz ykdysadyýetiň ähmiýeti we mümkinçilikleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň kuwwatyny we mümkinçiliklerini artdyrmak, senagat pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, täze önümçilikleri ýola goýmak, telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek hem-de dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, galyndysyz ykdysadyýete geçmek meselelerine-de aýratyn ähmiýet berilýär. Biz bu ugurlarda döwlet strategiýasy, ýurdumyzda amala aşyrylýan işler barada teswir-düşündiriş bermeklerini sorap, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymlary Çarymuhammet Şallyýew hem-de Muhammetguly Muhammedow bilen «tegelek stol» söhbetdeşligini guradyk.

Tebigy baýlyklar toplumlaýyn özleşdirilýär

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýerli mineral çig mal serişdelerini rejeli we toplumlaýyn ulanmak uly ähmiýete eýedir. Çünki iri pudagara toplumlar bolan ýangyç-energetika, nebit we gazhimiýa, gurluşyk senagaty gönüden-göni şol serişdeleri öndürmäge, gaýtadan işlemäge hem-de ulanmaga esaslanýar. Agrar, dokma, azyk we beýleki öndüriji pudaklar-da olaryň önümlerini ulanýarlar. Senagatyň köptaraplaýyn ösüşi daşardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öz baýlyklarymyzyň esasynda öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň sebäbini Türkmenistanda metal we metal däl, dag-magdan, gidromineral we beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň iri känleriniň bardygy bilen düşündirmek bolar. Mälim bolşy ýaly, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy, olarda täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şonuň bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwuň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmegiň wajypdygy, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, nebitgaz

Täze gämiler gurlar

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, deňiz we derýa ulagy pudagy-da düýpli galkynyşy başdan geçirýär. Şunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gazanylýan zähmet üstünlikleri has-da buýsançlydyr. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşylyp, şu günler täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi-hünärmeniň zähmet çekmegi göz öňünde tutulýar. Ýakynda koreýaly hünärmenler tarapyndan täze suw ulaglarynyň gurluşygynda işlejek ýaş işgärler bilen gurluşygy meýilleşdirmek, tilsimatlary ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak, kebşirlemek, elektrik işleri, hil gözegçiligi boýunça 2 aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçirilip başlandy. Gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlamak göz öňünde t

Kuwwatly kärhanada işler ileri

Dokma senagatynyň kuwwatly düzüm bölegine öwrülen Daşoguz pagta egriji fabriginiň işçi-hünärmenleri halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, amatly zähmet şertleriniň döredilmegi önümçiligiň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Fabrigiň bölüm müdiri Mähri Durdyýewa alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler barada şeýle gürrüň berdi: — Dokma önümçiliginde 15 ýyla golaý wagt bäri netijeli iş alyp barýan fabrigimizde pagta süýüminden taýýarlanylýan ýüplük Diýarymyzyň dokma senagatynda giňden ulanylýar hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär. Netijede, milli ykdysadyýetimize uly girdeji getirilýär. Ýylyň dowamynda 16 müň 700 tonna nah pagta süýümi gaýtadan işlenilýär. Şonça süýümden dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanylýan nah ýüplügiň 14 müň 500 tonnasy öndürilýär. Önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim artdy. Önümçilik bölümlerine öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Öndürilýän önümler Hindistana, Pakistana, Gyrgyz Respublikasyna, Türkiýä, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilýär. Kärhanamyzda işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň esasy bölegi gelin-gyzlar. Ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler. Döwran Eşimow, Zaf

Işler utgaşykly alnyp barylýar

Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ygtybarly goşant goşýan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem zähmet üstünlikleri gazanylýar. Häzirki wagtda kuwwatly kärhanada dürli kysymly gämileri düýpli abatlamak işleri ýokary depginde berjaý edilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar we mehanizmler, zerur bolan awtomobil ulaglary we ýük ýükleýji enjamlar ornaşdyrylan zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet howpsuzlygy bilen bagly bölümlerde işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada dürli görnüşli gämileri, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini abatlamak, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak boýunça işler hem ýerine ýetirilýär. Gämi gurluşygynda we abatlaýyşda esasy zerurlyk bolan uly göwrümli demir böleklerini işlemek, olary posdan arassalamak, ýylmamak we reňklemek häzirki zaman kärhanasynda alnyp barylýan esasy hyz