Ýagty geljegi nazarlaýan ösüşler

5 Maý 2024
492

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan ähli ulgamlarda sazlaşykly ösýän ýurda öwrüldi. Şol özgertmeleri has-da rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini artdyrmaga, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda kuwwatly senagat kärhanalarynyň, döwrebap ýol-ulag düzümleriniň döredilmegi milli ykdysadyýetiň galkynmagyny şertlendirýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar ýanynda tebigy baýlyklary, uglewodorod serişdelerini, magdanlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän senagat kärhanalary gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň artmagyna ýardam edýär. Şeýle hem innowasion önümçilik kärhanalarynyň ulanyşa girizilmeginiň depgini ýylsaýyn artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyry işe girizildi. Bu döwrebap desga ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli taslamalary möhüm gurluşyk serişdesi bilen üpjün etmäge uly goşant goşar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, halkara ekologik we hil ülňülerine kybap gelýän döwrebap düzümleriň döredilmegi ýurdumyzyň kuwwatly mümkinçiliklerini äşgär edýär.

Muhammetnazar EMINOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.