Işler utgaşykly alnyp barylýar

1 Maý 2024
470

Aziýa hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna ygtybarly goşant goşýan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem zähmet üstünlikleri gazanylýar. Häzirki wagtda kuwwatly kärhanada dürli kysymly gämileri düýpli abatlamak işleri ýokary depginde berjaý edilýär.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlar we mehanizmler, zerur bolan awtomobil ulaglary we ýük ýükleýji enjamlar ornaşdyrylan zawodyň dolandyrma ulgamynda gämi dizaýny, taslama dolandyrylyşy, üpjünçilik, bejeriş, önümçilik, tehniki hyzmat ediş, hil we zähmet howpsuzlygy bilen bagly bölümlerde işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärhanada dürli görnüşli gämileri, nebit tankerlerini, deňiz platformalaryny, tirkeg gämilerini abatlamak, şeýle hem halk hojalygynyň senagat pudaklary üçin demirden dürli gurluşlary, taýýar önümleri, enjamlary, gurallary ýasamak boýunça işler hem ýerine ýetirilýär. Gämi gurluşygynda we abatlaýyşda esasy zerurlyk bolan uly göwrümli demir böleklerini işlemek, olary posdan arassalamak, ýylmamak we reňklemek häzirki zaman kärhanasynda alnyp barylýan esasy hyzmatlaryň hataryna girýär. Munuň üçin bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler ähli zerurlyklar bilen üpjün edilipdir. Ýerine ýetirilýän işler dünýä hil ülňülerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Şeýle-de zawodda bug gazanlary we kompressorlar bilen bagly alnyp barylýan işleriň hem hemişe ýokary hil talaplaryna gabat gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Muhammetgylyç Tagangylyjow, «Balkan».
Surata düşüren Aşyrberdi Hojaberdiýew.