Kuwwatly kärhanada işler ileri

3 Maý 2024
343

Dokma senagatynyň kuwwatly düzüm bölegine öwrülen Daşoguz pagta egriji fabriginiň işçi-hünärmenleri halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, amatly zähmet şertleriniň döredilmegi önümçiligiň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Fabrigiň bölüm müdiri Mähri Durdyýewa alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler barada şeýle gürrüň berdi:

— Dokma önümçiliginde 15 ýyla golaý wagt bäri netijeli iş alyp barýan fabrigimizde pagta süýüminden taýýarlanylýan ýüplük Diýarymyzyň dokma senagatynda giňden ulanylýar hem-de daşary ýurtlara eksport edilýär. Netijede, milli ykdysadyýetimize uly girdeji getirilýär. Ýylyň dowamynda 16 müň 700 tonna nah pagta süýümi gaýtadan işlenilýär. Şonça süýümden dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanylýan nah ýüplügiň 14 müň 500 tonnasy öndürilýär. Önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim artdy. Önümçilik bölümlerine öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Öndürilýän önümler Hindistana, Pakistana, Gyrgyz Respublikasyna, Türkiýä, şeýle-de Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilýär. Kärhanamyzda işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň esasy bölegi gelin-gyzlar. Ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler. Döwran Eşimow, Zafar Ýusupow, Merdan Koçkarow, Rahymberdi Begliýew ýaly işgärlerimiz döredijilikli işleri bilen gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýarlar.

Ýazga geçiren Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».