Täze gämiler gurlar

3 Maý 2024
383

Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, deňiz we derýa ulagy pudagy-da düýpli galkynyşy başdan geçirýär. Şunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde gazanylýan zähmet üstünlikleri has-da buýsançlydyr. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Gury ýük gämilerini gurmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşylyp, şu günler täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi-hünärmeniň zähmet çekmegi göz öňünde tutulýar. Ýakynda koreýaly hünärmenler tarapyndan täze suw ulaglarynyň gurluşygynda işlejek ýaş işgärler bilen gurluşygy meýilleşdirmek, tilsimatlary ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak, kebşirlemek, elektrik işleri, hil gözegçiligi boýunça 2 aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçirilip başlandy. Gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlamak göz öňünde tutulýar. Döwrebap kärhananyň hünärmenleri öňden hereket edýän suw ulaglarynda dürli abatlaýyş işlerini-de ýokary derejede alyp barýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).