Ykdysadyýetiň esasy ugry

5 Maý 2024
632

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegi nazarlaýan türkmen halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň nebit-gaz senagaty pudagyndaky gazanylýan üstünlikler hem guwandyryjy netijelere eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oýlanyşykly alnyp barylýan ykdysady syýasatda ýangyç-energetika pudagy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki nebit-gaz pudagy milli ykdysadyýetiň daýanjy bolmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynda-da ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar.

Aýna GARRYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.