Energetika mümkinçiliklerimiz netijeli peýdalanylýar

3 Maý 2024
582

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeliligini ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Çünki Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynyň mümkinçiliklerini ynamly ösdürýär. Şu jähetden, Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň wajyp ähmiýete eýedigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyz tebigy gazy çuňňur we toplumlaýyn gaýtadan işlemegi uly ugur edinmek bilen, energiýa serişdelerini iberiji iri ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, harytlar düzüminiň energetika eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energiýa işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu işlere gatnaşmagyny hem hil taýdan özgerdýär. Şeýle-de Türkmenistan ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk üçin örän uly mümkinçilikleri döredýän kuwwatly serişdeler binýadyna eýedir. Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin özleşdirilýär.

Gülçemen REJEPGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.