"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Транспорт и энергетика - в повестке ашхабадского заседания Совета глав правительств СНГ

Ашхабад принимает 24 мая очередное заседание Совета глав правительств Содружества Независимых Государств. Традиционно в узком формате члены Совета обменяются мнениями по актуальным темам экономического взаимодействия в Содружестве. В широком формате предлагается обсудить проекты Концепции сотрудничества в сфере энергетики и Плана первоочередных мероприятий по ее реализации, а также Плана действий по оптимизации инфраструктуры и развитию международных транспортных коридоров, проходящих по территориям государств – участников СНГ.

Gazagystan bilen Hytaýyň arasynda demir ýol gatnawy 14% ýokarlandy

«Trend» tarapyndan berlen habarda ýanwar — aprel aýlarynyň netijelerine görä, Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky demir ýol ulaglarynda daşalan ýüküň möçberiniň 10,1 million tonna ýetendigi, munuň bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 14% köpdügi tassyklandy. Şunlukda, eksport 21% ýokarlandy we 4,5 million tonna ýetdi. Altynköl — Horgos serhet geçelgesinden geçýän ýük gatnawlarynyň derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8% ýokarlandy we 4,2 million tonna ýetdi. Bu geçelgäniň üstünden amala aşyrylýan eksport 42% artyp, 1,5 million tonnalyk görkezijä eýe boldy.

Hytaý — Ýewropa ugry boýunça demir ýol arkaly ýük dolanyşygy artýar

2024-nji ýylyň ilkinji dört aýynyň netijelerine görä, Hytaý — Ýewropa ugry boýunça hereket edýän ýük otlularynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10% ýokarlanandygyny we 6184-e ýetendigini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasynyň maglumatlaryna salgylanýan “Xinhua” habarlar agentligi habar berýär. Ýanwar — aprel aýlarynda bu ýük otlulary jemi 675 müň TEU barabar bolan harydy daşady. Munuň bir ýyl ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende 11% köpdügini «Hytaý demir ýollary» korporasiýasy habar berýär.

Iri desga — ilata eşret

Ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary yzygiderli açylyp ulanmaga berilýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň bedew bady bilen günsaýyn ösýändigini, özgerýändigini alamatlandyrýar. Düýn hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metre deň bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy açylyp ulanmaga berildi.

«Rysgally gapdan» rysgal ýagýar

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren galkynyşdan ganatlanan döwrümizde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi bilen ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze nesli kemala geldi. Döwlet goldawlaryndan ruhlanan türkmen telekeçileri ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmeklige we bazar bolçulygyny kemala getirmeklige mynasyp goşant goşýarlar. Ine, şeýle öňdebaryjy telekeçileriň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Bahadur Durdyýewdir.

Ykdysady ösüşler — eşretli durmuşyň güwäsi

Täze taryhy eýýamda ykdysadyýetiň köpugurly ösüşini gazanmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ösen isleglere laýyklykda, ýokary hilli harytlaryň, önümleriň möçberlerini artdyrmak, telekeçileri, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek we goldamak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň özenini düzýär.  Bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik kärhanalaryny we dürli maksatly desgalary gurmak, ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn ähmiýet bermek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ýaly işleri görkezmek bolar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan beýleki maksatnamalar, oýlanyşykly we ylmy esaslandyrmalara daýanýan ykdysady özgertmeler ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýän ykdysady ugurly syýasatyň has-da rowaçlanýandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýen sözleri subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň G

Ýewraziýa yklymara söwdasynda ýük daşamak kuwwaty ýeterlik däl

«Alphaliner» tarapyndan hödürlenen hasabata salgylanýan «Loadstar»  soňky ýyllarda täze tonnažlaryň getirilmeginiň rekord görkezijisine garamazdan, Aziýa — Ýewropa söwdasynda ýük daşamak kuwwatynyň takmynan 10% ýetmezçilik edýändigini aýtdy. Gyzyl deňiz sebitindäki ýagdaý we gämileriň Ýagşy Umyt kölüniň üsti bilen hereket etmegi sebäpli, Aziýadan Ýewropa hepdelik gatnawlaryny goldamak üçin zerur konteýner gämileriniň sany artdy.

Pekinde Hytaýyň täze ulag merkezi dörediler

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Pekinde Aziýanyň iň uly ýerasty ulag merkezlerinden biri açylar we Hytaýyň esasy hem iri ulag taslamalarynyň üstüni ýetirer. Ol şäher häkimliginiň täze dolandyryş merkezini ýurduň infrastrukturasy bilen utgaşdyrar. «Inbusiness.kz» tarapyndan berlen hasabat bu taslamanyň nähili durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Administratiw merkezini göçürmegiň umumy bahasy takmynan 6-7 milliard dollar töweregi bolup, Pekiniň täze sebiti bolan Tunçžou şäherini taryhy merkezi, ýakyn welaýatlar we Hytaýyň esasy şäherleri bilen birleşdirjek ulag merkeziniň gurluşygyny öz içine alýar. Şäher häkimliginiň göçürilmegi üçin administratiw binalar toplumynyň, köp sanly ýaşaýyş jaýlarynyň, ulag merkeziniň, medeni we dynç alyş desgalarynyň, şeýle hem işewürlik merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Durmuş ugurly ykdysadyýeti ilerledip

Ösüşinde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulyp, Türkmenistan özüni diňe bir baý tebigy mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde däl, eýsem, milli ösüşiň esasy ýörelgesine — ykdysady taýdan özüňi doly üpjün etmek ýörelgesine üstünlikli we yzygiderli eýerýän ýurt hökmünde hem ykrar etdirdi. Şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň oňyn önümçilik netijeleri bu pikirimiziň dogrudygyna birjik-de şübhe goýmaýar. Ösüşler ilatyň durmuşynda aýdyň şöhlelenýär. Abadançylyk we bolçulyk — ine, türkmenistanlylaryň häzirki «ýaşaýyş peýzažy». Durmuşa geçirilýän makroykdysady syýasat jemi içerki önümiň möçberlerini ýokary depginler bilen artdyrmaga mümkinçilik berýär. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bolsa ýurdumyzyň uzak möhletleýin geljegi üçin ösmegini göz öňünde tutýan strategik maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly gazanylýar. 3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda amala aşyrylan işler kiçi-girim däl. Makroykdysady görkezijiler jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini tassyklaýar: ösüş 6,3 göterim. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm hem artdy. Ol 11,4 göterime ýetdi. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda jemi öndürilen önümiň 7,8 göterim artandygyn

Ykdysady kuwwatyň görkezijisi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda düýpli özgerişlikler amala aşyrylyp, ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşler gazanylýar. Bu gazanylýan üstünliklerde, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynyň hem uly orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi ähli ildeşlerimizi begendirdi. Sebitlerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagy işjeň maýa goýum syýasatyny talap edýär. Şeýle uly möçberli gurluşyk işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgerdýär we önümçilik-durmuş ulgamlarymyzyň ýokary depginli ösüşini kepillendirýär. Bu desgalar ýurdumyzyň önümçilik pudagyny, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara derejelerine ýetirmekde ähli amatlyklary döredýär. Ýurdumyzda gurulýan köp ugurly desgalar we binalar barada aýdylanda, bir zady aýratyn bellemeli, ol hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamasyna bildirilýän örän ýokary talaplardyr. Diňe ýokary hilli taslamalaryň işlenilip düzülmegi, olarda ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazanan iň soňky üstünlikleriniň göz öňünde tutulmagy, taslamalaryň halkara talaplaryna laýyk getirilmegi döwrebap gurluşyk işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik ber

Il-ýurt ähmiýetli işler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň geljegimizi nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri barha dabaralanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda umumadamzat bähbitli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň täze taryhynda şeýle beýik işler eziz Diýarymyzy ösdürmekden, halkymyzyň abadançylygyny, parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini aýdyň beýan edýän şanly wakalar taryh sahypalaryna ýazylýar. Şolaryň hatarynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, şeýle-de Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralarynyň bolmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijesidir. Bularyň her biri ýurdumyzyň beýik ösüşine, pudaklaryň döwrebap mümkinçilige eýe bolmagyna gönükdirilen uly goşantdyr. Bu ägirt uly desgalar iň täze enjamlar bilen üpjün edilip, ykdysady ösüşimiziň kuwwatynyň uly mümkinçiliklere eýedigini alamatlandyrýar.

Bäsdeşlige ukyply we islegli önümler

Döwletimiziň ýangyç-energetika pudagynyň kerwenbaşysy bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan ägirt uly işler bu ulgamyň täze belentliklere göterilýändiginden habar berýär. Bu toplum mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde düýpli täzelenişi başdan geçirip, tutuş dünýäde giňden tanalýan kärhanalaryň hataryna goşuldy. Döwlet maýa goýumlarynyň yzygiderli gönükdirilmegi bilen bu ýerde çig nebitden harytlyk önümleri taýýarlaýan zawodlar, şeýle hem üpjünçilik gurluşlarynyň häzirki zaman desgalary önümçilige ornaşdyryldy. Juda gysga wagtda ozalky ýönekeý zawodyň ornunda nebiti gaýtadan işlemegiň önümçiliginiň iň häzirki zaman toplumy döredi.

Hil we standartlaşdyrmak — ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşlerden-ösüşlere barýar. Ykdysady strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi. Bu ugur ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda mynasyp orun eýeleýär. Şunda hil we standartlaşdyrmak ösüşiň binýady bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Rosstandartda» aýratyn «Logistika komiteti» döredildi

«Rosstandart» «Logistika we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak» (TK 490) diýen at bilen standartlaşdyrmak boýunça tehniki komitetini döretdi. Degişli buýruk (çeşme) bölümiň web saýtynda çap edildi. Täze hökümet edarasy pudagyň sanly öwrülişigi şertlerinde ahyrky ulag we logistika hyzmatlaryny guramakda özara täsir etmek boýunça milli startlary ösdürmek boýunça ähli üpjünçilik zynjyryna gatnaşyjylary birleşdirmek üçin esaslandyryldy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar we yşyklandyryş kerosinini, nebit bitumyny, az kükürtli ýangyç mazudyny, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 33 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awiakerosini, nebit bitumyny, yşyklandyryjy kerosini, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, tehniki uglerody satyn aldylar. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 77 million 668 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

ÝÜPEKÇILIK HEM-DE HALYÇYLYK SUNGATY

Türkmen topragynda ýüpekçiligiň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Ýüpekçiligiň milli däpleri, ajaýyp ýüpek matalary we halylary dokamagyň usullary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap ýaýylyp ýatan düzlükleriň, daglyklardyr çöllükleriň üstünden geçipdir. Bu söwda ýolunyň ady şol wagtlar onda daşalan örän gymmatbahaly harydyň — ýüpegiň ady bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz pile öndürmekde ýokary ussatlyga ýetipdirler. Bu iş sungat derejesine ýetirilip, ýüpekden haly we mata dokamagyň ygtybarly usullary döredilipdir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde ýüpekçiligiň taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär.

Maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurt

Türkmenistan maýa goýumlar babatda özüne çekiji ýurtdur. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek babatdaky başlangyçlaryna halkara giňişliginde ýokary baha berilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýär.

Ykdysady ösüşler

Ykdysady ösüş her bir jemgyýet üçin derwaýysdyr. Sebäbi ol jemgyýetçilik gurluşynyň nähilidigine garamazdan, halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň iň bir wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, geçen taryhy döwrüň dowamynda senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Orta we uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanda ösen elektroenergetika, nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa, nebit-himiýa senagatlary, maşyn-gurluşyk, demri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil hem-de azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Italiýanyň ykdysadyýetine syn

Geografik ýerleşişi boýunça ädigi ýadyňa salýan Italiýa döwleti ýokary derejede ösen sosial bazar ykdysadyýetine eýedir. Dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň sanawynyň ilkinji onlugyna girýän Italiýanyň ykdysadyýetiniň esasy bölegini hyzmatlar we önümçilik pudaklary tutýar. Mundan başga-da, syýahatçylyk pudagy ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşýar. Italiýa Ýewropa Bileleşiginde 3-nji uly milli ykdysadyýetdir. Ýurt senagat önümçiligi boýunça Ýewropanyň 2-nji, dünýäniň 7-nji ýurdudyr. Häzirki wagtda Italiýa nominal jemi içerki önümi boýunça dünýäde 9-njy, satyn alyş kuwwaty babatda 13-nji orny eýeleýär. 2024-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 0,7 göterime deň bolup, görkezijileriň degişlilikde, 2,328 we 3,347 trillion amerikan dollary möçberinde boljakdygy çaklanylýar. Şeýle-de üstümizdäki ýylda ilatyň jan başyna düşýän nominal jemi içerki önüminiň 39,580 amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar.