Ykdysady ösüşler — eşretli durmuşyň güwäsi

22 Maý 2024
522

Täze taryhy eýýamda ykdysadyýetiň köpugurly ösüşini gazanmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ösen isleglere laýyklykda, ýokary hilli harytlaryň, önümleriň möçberlerini artdyrmak, telekeçileri, hususy önüm öndürijileri höweslendirmek we goldamak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň özenini düzýär.  Bu ugurda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň hatarynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik kärhanalaryny we dürli maksatly desgalary gurmak, ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk pudaklarynyň ösüşine aýratyn ähmiýet bermek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak ýaly işleri görkezmek bolar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» we ýakyn hem-de uzak geljegi nazarlaýan beýleki maksatnamalar, oýlanyşykly we ylmy esaslandyrmalara daýanýan ykdysady özgertmeler ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýän ykdysady ugurly syýasatyň has-da rowaçlanýandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýen sözleri subut edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzyň geljekki ösüşleri ugrunda agzybir hem yhlasly zähmet çekýän bagtyýar halkymyz baradaky aladany ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Gyzylgül Sopyýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň önümçilik hünär okuwynyň ussasy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.